ÜÇDEN BIRI ÄHTIMAL...

Asyrlar, heňňamlar özüniň dürli wakalary bilen taryha siňýär. XVIII asyr hem türkmen halkynyň ykbalynda çylşyrymly asyr bolup, Magtymguly Pyragy ýaly beýik akyldary dünýä berdi. XVIII asyrda döwrüň çylşyrymlylygy şahyryň şygyrlaryna aralaşypdyr. Magtymguly Pyragy şonuň üçin halky agzybirlige, bir bitewi döwlet bolmaga çagyrypdyr. Onuň her bir şygrynda watansöýüjiligiň kämil nusgalary şöhlelenipdir. Şygyrlary bilen umumadamzadyň ruhy dünýäsine saldamly goşant goşan Magtymguly Pyragy halkymyz üçin şahyr aýtmyşlaýyn, «pikir derýasynyň akyl gämisi» hasaplanýar. Dünýä jemgyýetçiligi Magtymguly Pyragynyň döredijiligini yzygiderli öwrenip, türkmen şahyrynyň şygyrlaryna hormat-sarpa bildirýär. Onuň şeýledigini 2023-nji ýylda «Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň» ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi sözüň doly manysynda subut etdi. 2024-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Asssambleýasynyň 78-nji mejlisinde Magtymguly Pyragynyň «Adamzat» atly goşgusyndan setirleri okamagy, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda şahyryň döredijiliginiň ähmiýetini nygtamagy şahyryň edebi döredijiligini has çuňňur öwrenmeklige nobatdaky badalga boldy diýip, arkaýyn aýdyp bolar. Şunlukda, biz hem Magtymguly Pyragynyň golýazmalary hakynda pikir-garaýyşlarymyzy paýlaşmagy makul bildik. Şu güne çenli Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny öwrenmek işleri ençeme tapgyrda alnyp baryldy. Şolaryň netijesinde magtymguluşynaslyk mekdebi kemala geldi. TYA-nyň Golýazmalar fondunda saklanýan Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-azat» eseriniň gyrasyna gyzyl syýa bilen edilen bellikleriň şahyryň galamyna degişli bolmagynyň ahmallygy bar. Bu birinji ähtimallyk. Soňky ýyllarda ýurduň Gyzylarbat etrabynda ýaşaýan Ogulbike daýzanyň Zeliliniň neberesindendigi aýdylýar. Şol Ogulbike daýzanyň tumarynyň içinde bir doga-aýat bar-da, şony hem Magtymguly ýazan diýip aýdýarlar. Gepiň näderejede dogrulygy belli däl, ony ylmy nukdaýnazardan düýpli barlamaly, derňemeli. Eger, hakykatdan-da, şol tumarda ýazylan aýat Magtymguly Pyragynyň galamyna degişli bolsa, onda ikinji ähtimallygyň birinji gyzyl syýa bilen edilen bellikleriň haty bilen meňzeşligi bolup biler. Ýöne ikisiniň-de ähtimallykdygyny ýatladýarys. Eger ikisi-de tekstologik derňew edilip, bir şahsa — Magtymgula degişlidigi ýüze çykarylsa, gör, nähili oňat zat... Üçünji ähtimallygymyz geçen asyryň 80-nji ýyllarynda edebiýatçy Kakajan Ataýewiň ylmy dolanyşyga getiren habarydyr. Alym Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynda «Heza kitap molla Magtymguly» ýazgyly bir kitabyň üstünden barandygyny ýazýar. Ýöne, näme üçindir, onuň nusgasy, göçürmesi getirilmändir. Içgin gyzyklanylyp öwrenilse, Kakajan Ataýewiň şol gören ýazgyly kitabyny tapsa bolar. Ýazgy «Bu kitap molla Magtymgulynyňky» diýen manyny berýär. Elbetde, ol kitap şahyryň medresede okan kitaplarynyň biri bolup biler. Bu ýekeje sözlem hem bolsa, eýýäm bizde deňeşdirere üç sany golýazma bar diýmekligi aňladýar. Ýöne ony biziňki ýaly žurnalistik nukdaýnazardan däl-de, ylmy tarapdan derňemek gerek. Bolmanda-ha, üçünji aýdylýan delil juda hakykata ýakyn. Hywada, Buharada okan şahyryň golýazmasynyň ujunyň şolaryň kitaphanalaryndan, golýazmalar fondundan çykmagy geň zat däl. «Biziňki bag döken tohumy tapmak» bolýar. Galany alymlaryň derňewlerine bagly. Ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli hem giň gerimli işler durmuşa geçirildi. Şol işleriň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hünärmenleri Magtymguly Pyragynyň döwri, ömri we döredijilik ýoly barada täze taryhy maglumatlary gözlemek üçin Hindistanda, türki dilli döwletleriň birnäçesinde gulluk iş saparynda boldular. Alymlar ozal belli bolmadyk we ylmy gymmatlygy bolan çeşmeleri ýüze çykarmak, şeýle hem olaryň ýokary hilli reňkli elektron nusgalaryny almak üçin doganlyk halklaryň muzeýlerini, kitaphanalaryny hem-de golýazma gorlaryny öwrendiler. Şu ýerde getirilen üç deliliň biriniň maglumaty dilden, gürrüňden gelip çykan bolaýmasa, galan ikisi ylmy dolanyşygyň maglumatlary. Olar diňe düýpli ylmy barlaglara garaşýar.

Garahanjar BAÝHANOW.

Meňzeş habarlar

13 Noýabr 2025 | 38 okalan

ÜÇDEN BIRI ÄHTIMAL...

13 Noýabr 2025 | 42 okalan

ÝAŞLAR — DÖWLETIŇ GELJEGINIŇ KEPILI