Golaýda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň we etrap Bilim bölüminiň, etrap çagalar sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda sungat mekdebinde okaýan okuwçylaryň gatnaşmagynda “Gahryman Arkadagly nesiller” atly aýdym-sazly çäre geçirildi.
Çärede Tagtabazar etrap çagalar sungat mekdebiniň müdiriniň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Babageldi Allagulyýew, mekdebiň bagşyçylyk boýunça mugallymy Akmuhammet Şahymerdanow dagylar çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda her bir güni şanly senelere, toý baýramlara beslenýän ýurdumyzda milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň ösdürilýändigi, ýaş nesilleri türkmen halkynyň aýdym-saz sungatyna çekmek ugrunda netijeli işleriň alnyp barylýandygy dogrusynda buýsanç bilen bellediler. Çärede zehinli ýaşlarymyz döwrümizi wasp edýän ajaýyp aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň aýdym-saza bolan höwesini artdyrmakda uly mümkinçilikleri döredip berýän, ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Ogulsapar RAHMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.












