BAKY TOÝUŇ ŞANYNA

Golaýda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň hem-de Serhetabat şäher çagalar sungat mekdebiniň guramagynda “Arkadagly nesiller” atly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Çärede Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň Serhetabat şäher bölümçesiniň baş hünärmeni Tawus Aşyrowa we Serhetabat şäher çagalar sungat mekdebiniň müdiri Muhammet Tirkäýew dagylar çykyş etdiler.

Olar öz çykyşlarynda hemişelik Bitaraplygymyzyň ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyndaky eýeleýän möhüm orny dogrusynda buýsanç bilen gürrüň berdiler. Şeýle hem çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýy mynasybetli ýerine ýetiren joşgunly aýdymlary, ajaýyp sazlary çärä aýratyn öwüşgin çaýdy.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň döwrebap okap bilim almagy, ylym öwrenmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Tawus AŞYROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň

Serhetabat şäher bölümçesiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

02 Dekabr 2025 | 9 okalan

BAKY TOÝUŇ ŞANYNA

02 Dekabr 2025 | 12 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

02 Dekabr 2025 | 12 okalan

AÝDYM-SAZLY ÇÄRE GEÇIRILDI