Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar gurmasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramagynda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli «Nebitim bar, gazym bar, dünýä içre şanym bar» ady bilen baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda geçirilen duşuşyga şäheriň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärler, şol sanda nebitgaz toplumynyň işgärleri we hünärmenleri gatnaşdylar.
Baýramçylyk duşuşygynda buýsançly söhbetlere giň orun berildi. Olarda Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde nebitgaz we ýangyç energetika pudagyny döwrebap ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, bu ugurda zähmet çekýän hünärmenler üçin göwnejaý iş şertlerini üpjün etmek babatda döredilýän mümkinçilikler dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Şeýle hem ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny barha ýokarlandyrýan üpjün edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.
Umyda KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar gurmasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň bölüm müdiri.












