BEREKET BULAGY

Güneşli Diýarymyzda nurana tomus paslynyň gelmegi bilen daýhanlaryň yhlasyndan kemala gelen galla hasylynyň ýygnalýan gyzgalaňly orak möwsümine badalga berilýär. Saçaklarymyza rysgal-bereket bolup dolýan bugdaý hasylynyň ýekeje dänesini-de yrýa etmän ýygnamak mukaddes işleriň biri saýylýar. Bu gün oba ýerlerinde gözýetmez giňişlige sary uzap ýatan altynbaşly sümmülli meýdanlara gözüň düşende, göwnüň dokunýar. Biziň ilimizde azyk önümlerine, şol sanda bugdaýa, çörege, tamdyra sarpa goýmaklyk mukaddeslik saýylýar. «Bugdaýy bolmadygyň, ýagdaýy bolmaz », «Gallam bar —tyllam bar» ýaly nakyllar nesilden-nesle geçip gelýär. Ine, halkymyz bugdaýa goýýan gadyr-gymmatyny, halal zähmet bilen ýetişdirilýän azyklyk önüme bolan sarpany halk döredijiliginiň üsti bilen ýaş nesillerde hem terbiýelemegi başarypdyr. Amerikan alymy Rafael Pampelli tarapyndan türkmen topragyndan tapylan gadymy ak bugdaýyň däneleri ata-babalarymyzyň däneçilik ekinlerini ilkinji medeniýetleşdiren zähmet ussatlaryndan bolandyklaryna şaýatlyk edýär. Üstünden asyr geçen şol däneler «Ak bugdaý” muzeýiniň gymmatly eksponaty hökmünde saklanylýar. Ýurt Garaşsyzlygymyz döwründe bina edilen bu muzeýe barýan ýaşlar bugdaý bilen bagly ähli gymmatly maglumatlary, halkymyzyň ak ekin bilen baglanyşykly taryhdan häzirki güne çenli gelip ýeten tejribelerini ýakyndan öwrenýärler. Bugdaý ýurduň azyk syýasatynda esasy orun tutýar. Ol diňe ykdysady ösüşleriň möhüm pudagy bolman, Türkmenistan döwletiniň azyk garaşsyzlygyny üpjün etmekde hem uly orny bar. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, ak bugdaýyň Watany bolan keramatly türkmen topragynda gallaçylygy ösdürmek boýunça toplumlaýyn işler giň gerimde alnyp barylýar. Oba hojalyk pudagyny ykdysadyýetimiziň kuwwatly pudagyna öwürmek, bu pudagyň işlerinde ylmyň täze gazananlaryny peýdalanmak we ökde hünärmenleri taýýarlamak ugrunda döwletimiz tarapyndan giň goldaw berilýär. Daýhanyň azabynyň gowşanyna şaýatlyk edýän meýdanlarda ak bugdaýyň bereketli hasylynyň ýetişmegi diňe bir gallaçylarymyzy däl, ähli türkmen halkyny begendirýär. Ene topragyň bereketli hasylyny bolluk bilen eçilmegi gallaçylarymyzy täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. Her ýylda bolşy ýaly iýun aýynyň başynda möwsümleýin işleriň biri bolan galla oragyna girişilmegi bilen, bugdaýly meýdanlarda zähmet joşguny möwç urýar, medeniýet işgärleri gallaçylar üçin dynç alyş meýilnamalaryny taýýarlap, zähmet meýdanlarynda gyzykly çykyşlar guraýarlar, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary gallaçylaryň Arasynda dürli Bäsleşikleri yglan edýärler. Galla oragynyň ýokary depginde geçmegi üçin ýurdumyzda ähli şertleriň döredilmegi, iş gidýän meýdanlarda gyzgyn naharyň, medeni hyzmatyň ýola goýulmagy, çekilen zähmet üçin hasaplaşyklaryň wagtly-wagtynda geçirilmegi gallaçylaryň has-da önjeýli işlemegine getirýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde oba hojalygy üçin dünýäniň ösen döwletleriniň iň kämil tehnikalary yzygiderli satyn alynýar. Wagtynda ýygnalmagy talap edilýän bugdaý hasylyny ormak we elewatorlara daşamak Işlerine taýýarlykly girişilmegi bu ýyl hasylyň ýekeje dänesiniň hem yrýa edilmän, bereketli saçaklarymyza doljakdygyny kepillendirýär. Birnäçe ýyl bäri Türkmenistan azyklyk dänäniň artykmaç bölegini daşary ýurtlara eksport etmek mümkinçiligine hem eýe boldy. 2018-nji ýylda hojalyklaryň ähli toparlarynda 1600 müň tonna bugdaý öndürmek maksat edinilýär. Türkmen gallasynyň hasylynyň ýylyň-ýylyna artmagy bilen birlikde, döwrebap elewatorly un öndürýän kärhanalaryň, galla önümleri kärhanalarynyň, Çörek we çörek önümleri boýunça önümçilik toplumlaryň hem artyp barmagy ýurdumyzyň azyk senagatynyň hemişe ösüşdedigini görkezýär. Ýurdumyzyň dürli künjeginde kuwwatly elewatorlar gurlup, ulanmaga berilýär. Elewatorlar silos taýýarlaýan enjamlary, bugdaýy Wagtlaýyn saklamak hem-de guratmak üçin meýdançalary we telärleri, ammarlary, edara jaýlaryny, barlaghanany we beýlekileriň birnäçesini öz içine alýar. Bu kärhanalarda ähli işler doly awtomatlaşdyrylyp, kompýuter arkaly dolandyrylýar. Degirmenler häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Şol elewatorlara töwerekdäki galla meýdanlaryndan türkmen ekerançylarynyň ýadawsyz zähmeti bilen öndürilen galla hasyly getirilýär. Daýhanlarymyzyň alyn deri bilen ösdürip ýetişdiren hasylyyrýa edilmän, Halkymyzyň bereket-baýlygyna öwrülýär. Bularyň ählisi ýurdumyzyň bazarlaryny türkmen ekerançylarynyň öndüren galla önümleri bilen üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Uly iliň rysgal-Döwleti bolup, bereketli saçaklarymyzy doldurjak guşgursak bugdaý dänelerini Ýitgisiz ýygnamak ugrundaky zähmet mukaddesdir. Her bir dänäňiz müň bolsun, çäjiňize bereket, gallaçy daýhanlar!

Aknur ATAÝEWA,

“Nesil” gazeti,

07.06.2018ý.

Meňzeş habarlar