7-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda durmuş-ykdysady, ulag-aragatnaşyk we beýleki degişli düzümleri mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga hem-de ösdürmäge gönükdirilip durmuşa geçirilýän toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalary bilen baglylykda işlenip taýýarlanylan gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň giň gerime eýe bolandygy guwançly ýagdaýdyr. Türkmenistanlylary döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek boýunça öňde goýlan maksatlara ýetilmegine belent ýaşaýyş jaýlary bilen bir hatarda, ýokary amatlyklary bolan az gatly jaýlary hem gurmak baradaky döwlet Baştutanymyzyň çözgüdi gönükdirilendir. Munuň özi ilatyň amatly hem-de özlerine kybap ýaşaýyş jaýyny saýlamak mümkinçiligini has-da giňelder. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ýaşaýyş jaýlary döwrüň talaplaryna we raýatlaryň isleglerine hem laýyk gelmelidir.
Milli Liderimiziň garamagyna Aşgabat şäheriniň Gurtly ýaşaýyş toplumynda gurulmagy meýilleşdirilýän ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de durmuş maksatly desgalary gurmagyň taslamasy hödürlenildi. Bu ýerde dört gatly, jemi altmyş iki sany ýaşaýyş jaýy — 52 öýli 22 jaýy hem-de 48 öýli 40 jaýy, 160 çaga niýetlenen çagalar bagyny, 320 orunlyk mekdebi, şeýle hem Söwda-dynç alyş merkezini, iki gatly dükanlaryň 10-syny we bazary gurmak meýilleşdirilýär. Her bir jaýda iki gatly dükanlar we bazar ýerleşdiriler. Her jaýda giň bir, iki, üç we dört otagly öýler göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimize Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde bina edilmegi göz öňünde tutulýan ýaşaýyş toplumynyň Baş meýilnamasy, täze iri ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalary we nusgalary görkezildi. Gurluşyk üçin Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda ýerleşdirilen ýer bölegi bölünip berildi. Bu ýerde dört gatly iri panelli jaýlarynyň — 40 öýli ýaşaýyş jaýlaryň 22-si we 32 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 17-si, bäş otagly iki gatly kottejleriň 170- si, 600 okuwça niýetlenen orta mekdep, Söwda merkezleriniň 2-si hem-de hyzmatlar öýleriniň 2-si bina ediler. 40 öýli ýaşaýyş jaýlaryň 22-siniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda barýar. Galan desgalaryň gurluşygyny iki tapgyrda amala aşyrmak meýilleşdirilýär.
Halkymyzyň abadan we bagtly durmuşyny üpjün etmek şunuň ýaly durmuş maksatly taslamalaryň ileri tutulmagyny aňladýar, şolaryň amala aşyrylmagy netijesinde, türkmenistanlylaryň köpsanly maşgalalary her ýyl ähli amatlyklary bolan döwrebap öýlerde jaý toýlaryny tutýarlar diýip, döwlet Baştutanymyz geljekde iri toplumda zerur bolan ähli düzümi göz öňünde tutmagy, köçeleri abadanlaşdyrmagy, täze ýaşaýyş toplumyny bagy-bossanlyga büremegi tabşyrdy.
Meýilnamalaşdyrylan täze gurluşyklaryň hatarynda Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda gurulmaly awtomenziller hem bolup, olaryň taslamalary milli Liderimiziň garamagyna hödürlendi. Desgalaryň her biri 3 gektar meýdanda ýerleşer hem-de 700 ýolagça hyzmat etmäge niýetlenendir. Awtomenziliň 2 gatly binasyndan başga, her toplumyň çäginde kömekçi we tehniki binalar, üsti ýapyk duralgalar ýerleşdiriler, desgalaryň binagärlik keşbi milli öwüşgine eýe bolar.
Tanyşdyryş çäresiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guruljak täze kottej toplumynyň Baş meýilnamasywe ýerleşiş çyzgysyhödürlendi. Toplum deňziň kenarynda ýerleşer. Onuň düzümine 1080 orunlyk 63 sany kottej, dynç alyş zolaklary, sport we çagalar oýun meýdançalary, howuzlar, awtoduralgalar, dolandyryş binalary girer. Bu ýerde 2 we 4 maşgala niýetlenen üç görnüşli kottejleri gurmak göz öňünde tutulýar. Toplumy Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalarynyň paýlarynyň esasynda gurmak meýilleşdirilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň çyzgysy hem-de tehniki häsiýetnamasy, bu ýoluň ugrunda töleg terminallary, motelleri, naharhanalary, dükanlary, dermanhanalary, awtoulaglara ýangyç guýujy beketleri, şeýle hem awtoduralgalary, ulanyş we dolandyryş merkezlerini we beýleki degişli desgalary, hususan-da, inženerçilik desgalaryny ýerleşdirmegiň meýilnamasy hödürlendi.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan ýol-ulag ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň we kuwwatyny artdyrmagyň strategiýasy bilen baglylykda, täze awtomobil ýolunyň ähmiýetini nygtamak bilen, milli Liderimiz ulag ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk meselelerinde Türkmenistanyň başlangyjyny belledi, munuň özi durnukly ösüşiň maksatlaryny gazanmakda täsirli şert bolup, oňa sebit we sebitara ulag-aragatnaşyk düzüminiň möhüm bölegi hökmünde garalýar.
Täze guruljak awtoban ähli ölçegler boýunça ýokary halkara ülňülerine laýyk gelip, ýol örtügini, gurluşyny hem-de döwrebap wideogözegçilik ulgamlary we beýleki ýörite enjamlar bilen üpjünçiligi öz içine almalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz anyk tabşyryklary berdi.
Taslamalar bilen tanyşdyryş çäresinden soň, hormatly Prezidentimiz egindeşlerine özüniň täze döreden eserini — «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilen kitabyny gowşurdy.
Döwlet Baştutanymyzyň täze kitabynyň adynyň çuňňur manysy bar, çünki onda her bir ynsan üçin enäniň mukaddesligi, Watan, öý-ojak, maşgala, ene-ata bilen çagalaryň arasyndaky gatnaşyklaryň esaslary ýaly mizemez gymmatlyklar beýan edilýär. Hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp işinde türkmenleriň enä mukaddeslik hökmünde sarpa goýmak ýaly milli özboluşly häsiýetinde asyrlardan bäri kemala gelen asylly ýörelgeleriň täze eýýamda dowamata eýe bolýandygy tassyklanýar.
Döwlet Baştutanymyzyň öz elinden täze kitaby almak bagty miýesser eden milli Liderimiziň egindeşleri bu ajaýyp kitabyň möhüm ähmiýetini nygtap, döwlet Baştutanymyzy täze eseriniň çapdan çykmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, baý milli mirasymyzy, şöhratly ata-babalarymyzyň wesýet eden asylly ýörelgelerini giňden wagyz etmegiň hem-de olary geljekki nesillere ýetirmegiň häzirki taryhy eýýamyň möhüm wezipeleridigini belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlar bilen hoşlaşyp, olara işlerinde hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlikleri, ýurdumyzyň enelerine bolsa uzak ömür, bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdi.
“Nesil” gazeti,
09.05.2018ý.












