Geçen anna güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine, halkymyzyň abadan, bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda üpjün edilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň käbir meselelerine hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň barşyna garaldy.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryny we olaryň üsti bilen ähli watandaşlarymyzy Ylymlar güni bilen gutlap, täze üstünliklere ruhlandyrýan bu baýramçylygyň jebisleşdiriji ähmiýetini belledi. Milli Liderimiz baýramçylyk dabaralarynyň Türkmenistanda gazanylan üstünliklere buýsanç duýgularyny döretjekdigine, bu senä bagyşlanan halkara ylmy maslahatynyň bolsa, ylym ulgamyny kämilleşdirmäge, öňdebaryjy ylmy usulyýetleri, iň gowy tejribeleri ornaşdyrmaga, köptaraply halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge oňyn täsir etjekdigine ynam bildirdi.
Şonuň ýaly-da döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ylmy edaralary we ýokary okuw mekdepleri tarapyndan alnyp barylýan barlaglaryň, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň, şol sanda ylym hem-de bilim ulgamlarynyň sanly düzümleriniň ösdürilmeginiň möhüm wezipesi hökmünde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine degişli wezipeleriň çözülmegine ýardam berjekdigini aýtdy.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary ýolbaşçylyk edýän degişli ugurlary boýunça, şu ýylyň bäş aýynda, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi boýunça geçiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdiler.
Hasabatda ähli ugurlar boýunça oňyn netijeleriň gazanylandygy beýan edildi.
Döwlet Baştutanymyz öňde duran wezipeleri çözmek baradaky meselesine geçip, Ministrler Kabinetiniň 5-nji iýulda geçiriljek giňişleýin mejlisine taýýarlyk görmek meselesine ünsi çekdi.
3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilmegi Bitarap döwletimiziň parahatçylygy, dostlugy we netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak, şol sanda sport babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň gürrüňsiz ykrar edilýändiginiň tassyklanmasy bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýokarda aýdylanlary nazara almak hem-de bu senäni ebedileşdirmek maksady bilen, Aşgabat şäherinde Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan ýadygärligi oturtmagy teklip etdi.
Hormatl y Prez i dent i miz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we işde uly üstünlikleri arzuw etdi.
“Nesil” gazeti,
12.06.2018ý.












