DÖWREBAP BINALAR — BAGTYÝARLYK ŞUGLASY

 Bilşimiz ýaly, ata-babalarymyz bina gurmagy sogaply, mukaddes iş hasaplapdyr. Täze öý tutulanda birek-biregi mähirli gutlapdyrlar. Ata Watanymyzy bedew batly ösüşler bilen öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiz pederlerimiziň şol mukaddesligini Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dowam etdirýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde raýatlarymyzyň bolelinlikde bagtyýar ýaşamagy üçin dürli maksatly binalardyr ymaratlar yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Ak mermere beslenen gözel paýtagtymyz Aşgabatdan başlap beýleki şäherdir obalarymyzyň düýpgöter täzeçe keşbi göreni haýrana goýýar. Ynha, öňňin ýurdumyzyň gündogar welaýatynyň merkezi Türkmenabatda hormatly Prezidentimiziň iri ýaşaýyş jaý toplumlarynyň düýbüniň tutulyş we açylyş dabaralaryna gatnaşmagy muňa aýdyň subutnama boldy.

Ir bilen täze ýaşaýyş toplumynyň bina edilýän ýerine gelen döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar tarapyndan şowhunly garşylandy. Däp boýunça milli Liderimiz täze ýaşaýyş toplumynyň binýadyna pil bilen beton guýup, gurluşyga badalga berdi. Bu pursat ýygnananlar tarapyndan ruhubelentlik we joşgun bilen garşylandy. Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda peýda boljak täze ýaşaýyş toplumynyň düzümine her biri 32 öýden ybarat bolan dört gatly öýleriň 17-si, şeýle hem 2 gatly kottej görnüşli ýer bölegi we beýleki hojalyk jaýlary bolan öýleriň 170-si girýär. Şeýle hem ýaşaýyş toplumynyň çäginde 600 orunlyk orta mekdep, häzirki zaman söwda merkezi, durmuş hyzmatlar öýi bina ediler. Bu desgalar häzirki zaman enjamlary bilen üpjün ediler.

Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline barýan şol ýoluň ugrunda bina edilen ilkinji köp gatly täze ýaşaýyş toplumynyň açylýan ýerine bardy. Ýaşaýyş toplumy ýerleşdirilişi gowulandyrylan 4 gatly jaýlaryň ýigrimi ikisinden ybaratdyr. Her bir jaýda 40 öý ýerleşýär. Uly we kiçi maşgalalar üçin niýetlenen 2, 3, 4 otagly ýaşaýyş jaýlary Türkmenistanyň Senagat ministrligi tarapyndan gurlupdyr. Bu giň möçberli durmuş maksatly taslamany amala aşyrmaga welaýatyň döwlet gurluşyk edaralary hem öz goşantlaryny goşdular. Dabarada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Adamlaryň durmuşy, döredijilikli zähmeti, amatly ýaşamagy we dynç almagy üçin aňrybaş şertleri üpjün etmek maksady bilen, taslamalar işlenip düzülende hem-de durmuşa geçirilende, olaryň her bir bölegi oýlanyşykly seljerilmelidir. Bu talaplar deň derejede paýtagtymyzda, şeýle hem ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda alnyp barylýan gurluşyk işlerine-de degişlidir» diýip belledi. Hormatly Prezidentimiziň jaýdar belleýşi ýaly, açylan täze jaýlardaky ýagty otagly, göwnejaý enjamlaşdyrylan aşhanaly, häzirki zaman gurluşyk serişdelerini ulanmak arkaly owadan timarlanan öýlerde amatly ýaşamak üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr. Bu ajaýyp ýaşaýyş toplumynda müňe golaý maşgala täze öýlere göçüp bardy.

Umuman, ata Watanymyzy ösüşlerden ösüşlere alyp barýan milli Liderimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyz gül açýar, bagy-bossanlyga beslenýär. Ýurdumyzyň çar künjünde gurlup ulanmaga berilýän her bir döwrebap bina raýatlarymyzyň buýsanjyna öwrülýär. Täze jaý edinen türkmenabatlylaryň hem-de tutuş welaýatyň raýatlarynyň hormatly Prezidentimize alkyşlary egsilmezdir.

“Nesil” gazeti,

25.06.2018ý.

Meňzeş habarlar