Halkara hyzmatdaşlygy ösüş ýolunda

 Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän öňdengörüjilikli we döredijilikli döwlet syýasatynyň binýadynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni uly ýeňişlere beslenýär. Bu ajaýyp ýeňişler jemgyýetimiziň we döwletimiziň içerki durmuşyny gurşap almak bilen çäklenmän, ynsanperwerlige ýugrulan daşary syýasatymyzda hem giňişleýin beýanyny tapýar. Şeýle taryhy wakalaryň biri hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 96-njy mejlisinde kabul edilen çözgüt bilen baglanyşyklydyr.

Çözgüde laýyklykda, ýurdumyzyň strategiki hyzmatdaşy hökmünde kabul edilýän Birleşen Milletler Guramasynyň baş edaralarynyň biri bolan Ykdysady we Durmuş Geňeşine, Türkmenistan 2019 — 2021-nji ýyllar üçin agzalyga saýlanyldy. Bu bolsa, ýakyn üç ýylda Türkmenistanyň EKOSOS-da Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň döwletlerine wekilçilik etjekdigini aňladýar.

BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşi BMG-niň Tertipnamasy esasynda döredilip, ykdysady, durmuş we beýleki ugurlardaky işleri utgaşdyryp alyp barýar. Bu Geňeş şu aşakdaky işlere jogap berýär, ýagny:

— ýurtlarda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejelerini ýokarlandyrmaklyga, iş bilen üpjünçiligi guramaklyga we ykdysady, durmuş taýdan ösüş gazanmaklyga ýardam bermek;

— halkara derejesinde ykdysady, durmuş we saglygy goraýyş ulgamlarynda ýüze çykýan meseleleri çözmekligiň ýollaryny gözlemek;

— halkara derejesinde medeniýet we bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy alyp barmak;

— adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak işlerini amala aşyrmak;

— dünýäniň ykdysady we durmuş ýagdaýy bilen baglanyşykly seljeriş maglumatlary taýýarlamak;

— ösüp gelýän ýurtlara ykdysady we ylmy-tehniki taýdan kömek bermek;

— maliýe serişdelerini meýilnamalaşdyrmak we toplamak;

— ilat, azyk we tebigy baýlyklar boýunça meselelere seljerme geçirmek we ýardam bermek.

Geňeş bu meseleler boýunça barlaglary geçirýär, hasabatlary çap edýär hem-de şu mesele boýunça halkara maslahatlary guramaga gatnaşýar, şolaryň çözülmegine ýardam edýär. Ýylyň dowamynda EKOSOS birnäçe sessiýany çagyrýar.

Türkmenistan bu abraýly guramanyň düzüm bölegine agzalygyna täzeden saýlanmak bilen, ýokarda beýan edilen ugurlardaky döwlet, sebit we dünýä derejesindäki wezipeleri üstünlikli çözmäge goldaw bermäge giň mümkinçiliklere eýe boldy.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalarynyň çäklerinde öňe süren başlangyçlary we teklipleri parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly Ösüş Maksatlaryny iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça köptaraplaýyn tagallalary birleşdirmek üçin berk esasa öwrüldi.

Bu wakanyň Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunuň ýüregi ýylynda bolmagynyň aýratyn ähmiýeti bardyr. Munuň özi döwletimiziň dünýäniň ýurtlarynyň we halklarynyň özara düşünişmek, dostluk hem-de ösüş babatdaky tagallalaryny birleşdirmek boýunça taryhy wezipesiniň gaýtadan dikeldilýändigini aňladýar. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň BMG-niň ykdysady we durmuş ulgamlarynda ählumumy hyzmatdaşlygy utgaşdyrýan esasy guramalarynyň biriniň agzalygyna saýlanylmagy döwletimiziň halkara abraýynyň barha artýandygynyň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň diplomatik strategiýasynyň üstünlige eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşi Baş Assambleýa tarapyndan üç ýyl möhlet bilen saýlanylýan 54 sany agza döwletlerden ybaratdyr. EKOSOS-yň işi ykdysady hem-de durmuş taýdan ösüşe, şol sanda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, saglygy goraýyş, medeniýet we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlyga, adam hukuklaryna hem-de onuň esasy azatlyklaryna hormat goýmak üçin şertleri döretmäge ýardam bermekden ybaratdyr.

EKOSOS her ýylyň iýul aýynda dört hepdäniň dowamynda Nýu-Ýorkda we Ženewada esasy sessiýany geçirýär. Ara alyp maslahatlaşmalaryň netijeleri boýunça jarnama kabul edilýär. Onda geljekki işler barada görkezmeler hem-de maslahatlar beýan edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dürli halkara maslahatlarynda eden çykyşlarynda ençeme gezek nygtaýşy ýaly, ykdysady we durmuş meselelerini toplumlaýyn çözmäge esaslanýan strategiýa tebigata we onuň serişdelerine aýawly çemeleşmek bilen utgaşýar. Durnukly ösüş Konsepsiýasynyň birnäçe esasy şertleri, ýörelgeleri we ekologik howpsuzlygyny üpjün etmegiň ugurlary biziň ekologik we daşky gurşawy goramak, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek babatda kanunlaryň, maksatnamalaryň talaplaryna laýyklykda doly we dogry amala aşyrylýar. Muňa mysal edip, 2017-nji ýylyň iýun aýynda «Ekologik howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegini we şu günki gün hem degişli kanunlaryň taslamalarynyň üstünde işlenýändigini, bu babatda degişli işleriň amala aşyrylýandygyny aýtmak bolar.

Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda bizi belent sepgitlere tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, işleri rowaçlyklara beslensin!

Ýagmyr JUMALIÝEW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.

“Nesil” gazeti,

05.07.2018ý.

Meňzeş habarlar