Awgustyň 13-ine hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşykda nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary we welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar.
Ilki bilen göni aragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi çagyryldy we ol häzirki döwürde welaýatda, şol sanda sebitiň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şonuň ýaly-da gowaça ideg etmek we jogapkärli oba hojalyk möwsümi bolan güýzlük bugdaý ekişine hem-de pagta ýygymyna taýýarlyk boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada, hem-de welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy we Gurban baýramy mynasybetli şeýle-de täze okuw ýylyna taýýarlyk görmek bilen bagly meýilleşdirilen çäreler barada aýtdy.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi günbatar sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, oba hojalygynda ýerine ýetirilýän işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, güýzlük bugdaý ekişine taýýarlyk, sebitiň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak we şanly senelere taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler barada hasabat berdi.
Wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkiminiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaça agrotehniki kadalara laýyk derejede ideg etmek, olary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň dowamynda häkim Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan dürli maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň barşy hakynda habar berdi.
Öz nobatynda göni aragatnaşyga çagyrylan Lebap welaýatynyň häkimi häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hormatly Prezidentimiziň pagta ýygymyna, güýzlük bugdaý ekişine guramaçylykly taýýarlyk görmek we gurulýan desgalaryň öz wagtynda ulanmaga berilmegini üpjün etmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem Gurban baýramy mynasybetli meýilleşdirilen baýramçylyk çärelerine hem-de täze okuw ýylyna görülýän taýýarlyk barada aýtdy.
Mary welaýatynyň häkimi hem göni aragatnaşykda çykyş edip sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şol sanda jogapkärli oba hojalyk möwsümlerine guramaçylykly girişmek, şeýle hem ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan maksatnamalaýyn çäreler barada hasabat berdi. Hasabatyň dowamynda Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy. Baýramçylyk çärelerine we milli senenamamyzyň şanly senelerine görülýän taýýarlyk işleri hasabatyň özenini düzdi. Hormatly Prezidentimiz häkimleriň hasabatyny diňläp olaryň ählisine degişli tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz soňra göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Orazgeldiýewi çagyrdy. Wise-premýer welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň netijeleri, şol sanda pagta ýygymyna we güýzlük bugdaý ekişine görülýän taýýarlyk işleri barada, şeýle hem Döwlet ýer kadastryny düzmek boýunça meýilnamanyň taýýarlanandygy we bu ugurda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Döwlet ýer kadastryny düzmek baradaky meselä geçip, ekerançylyk meýdanlaryny, agrohimiýa, geobotaniki ulgamlary we beýleki topragy ylmy taýdan barlamak işlerini toplumlaýyn esasda alyp barmak meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Abdyýewa çagyryldy we wise-premýer Gurban baýramy, Watanymyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň jemini jemlemek boýunça ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk çäreleri, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, öňde boljak baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi, köp sanly türkmenistanlylary we ýurdumyzyň myhmanlaryny öz içine alýan giň möçberli baýramçylyk dabaralary milli öwüşgin, çuňňur many-mazmun bilen tapawutlanmalydyr we türkmen halkynyň baý ruhy mirasyny dünýä ýüzünde wagyz etmelidir, diýip degişli tabşyryklar berdi.
Gurban baýramy mynasybetli meýilleşdirilen medeni-köpçülikleýin çäreleriň taýýarlygyna degip geçip, hormatly Prezidentimiz wise-premýere olary ýokary derejede, milli ýörelgelerimize laýyklykda guramak boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilýän dabaralar barada anyk görkezmeler berdi. Biz döredijilik işgärlerinden çuňňur manyly, gyzykly eserlere, häzirki döwrüň ruhuna laýyk gelýän hem-de özygtyýarly Watanymyzyň ýeten derejesini, zähmetsöýer we edermen halkymyzy wasp edýän tele we radio gepleşiklere, sahna oýunlaryna, saz eserlerine garaşýarys diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegi, türkmen halkynyň abadançylygynyň ýokarlanmagy, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
(TDH-niň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammitinde eden
ÇYKYŞY
(2018-nji ýylyň 12-nji awgusty, Aktau şäheri)
Hormatly döwlet Baştutanlary!
Hormatly wekiliýetiň agzalary!
Ilki bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Abişewiç Nazarbaýewe myhmansöýerlik we netijeli işlemäge döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirýärin.
Şu günki duşuşyk biziň halklarymyz we döwletlerimiz üçin möhüm wakadyr. Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň üstünde alnyp barlan ýeňil bolmadyk iş tamamlandy. Birnäçe ýylyň dowamynda dürli ulgamlardaky ýokary hünärli, hyzmatdaşlaryň bähbitlerini nazara almaga taýýarlykly ilçiler, hukukçylar we bilermenler bu resminamany taýýarlamaga gatnaşdylar. Hazarýaka döwletleriniň Liderleriniň syýasy erki we ýokary jogapkärçiligi umumy üstünlik gazanmagymyzyň aýgytlaýjy şerti boldy.
Hormatly sammite gatnaşyjylar!
Gazanylan üstünlikleri öz rowaçlyklarymyzyň hasabyna ýazmaga doly haklydyrys, biz öňde giň möçberli we möhüm işiň durýandygyna düşünmelidiris. Biz uly ähmiýeti bolan aýry-aýry ugurlar boýunça özara işjeň hereketleriň kesgitli usullaryny işläp taýýarlamalydyrys. Bu meseleleriň birnäçesiniň üstünde durup geçeýin.
Şu gün gol çekilmegine taýýarlanylan resminamalarda Daşary işler ministrlikleriniň howandarlygynda bäştaraplaýyn yzygiderli geňeşmeleri geçirmegiň guralyny döretmek barada düzgün bar. Şunuň bilen baglylykda, sammitden soňra ýakyn wagtda ýurtlarymyzyň daşary syýasat edaralaryna bu düzgüniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň meselelerine garamagy tabşyrmagy teklip edýärin.
Hazarda bäştaraplaýyn hyzmatdaşlyk köp babatda biziň ýurtlarymyzyň söwda-ykdysady hem-de ulag meselelerine goşulyşmagynyň derejesine baglydyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň IV Hazar sammitinde Hazarýaka döwletleriniň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda hem-de ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyklary işläp taýýarlamak boýunça öňe süren başlangyçlaryny goldan Hazarýaka döwletlerine minnetdarlyk bildirýärin.
2019-njy ýylda birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmeginiň Hazarýaka ýurtlarynyň ählisiniň bu ugurda tagallalaryny birleşdirmäge taýýardygynyň tassyknamasy boljaklygyna ynanýaryn. Bu forumy Türkmenistanda geçirmegi teklip edýärin.
Mälim bolşy ýaly, 2010-njy ýylyň noýabr aýynda geçirilen III Hazar sammitinde Hazar deňzinde howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekildi. Şu gün bu ylalaşyga üç teswirnama — terrorçylyga, guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreş hem-de Serhet edaralarynyň hyzmatdaşlygy hakynda resminamalara gol çekiljekdigi buýsançly ýagdaýdyr. Biziň ýurtlarymyzyň Hazarda bikanun işlere garşy göreşde tagallalarynyň ýakyndan utgaşdyrylmagy sebitde durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň möhüm şerti bolup durýar.
Hazar deňzinde hadysalaryň öňüni almak hakynda Ylalaşygyň biziň döwletlerimiziň arasyndaky ynamy pugtalandyrjakdygy şübhesizdir. Hazarda parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak hem-de gorap saklamak wezipesi wagt babatynda çäklendirilen däldir. Şunuň bilen baglylykda, Hazarda harby işler ulgamynda mundan beýläk-de özara ynanyşmak çärelerini işläp taýýarlamak hem-de kabul etmek zerurdyr. Hazar deňzi hemişe parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek hem-de ynam zolagyna öwrülmelidir we şunda ähli meseleleri parahatçylykly, gepleşikler arkaly çözmek zerurdyr.
Häzirki wagtda ekologiýa meselesi Hazarda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugrudyr. Hut şu gün, 12 ýyl mundan ozal, Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa güýje girdi. Hazarýaka döwletleri bu senäni Hazar deňziniň güni hökmünde belleýär. V Hazar sammitiniň hut 12-nji awgustda geçirilýändigi uly ähmiýete eýedir.
Bu diňe bir simwoliki däl-de, serhetüsti babatynda daşky gurşawa täsire baha bermek boýunça Tähran konwensiýasyna teswirnama gol çekilmegine beslendi, munuň özi Hazaryň ekologiýa ulgamyny goramak üçin hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňeltmekde nobatdaky möhüm ädim bolar. Ekologiýa, howanyň üýtgemegi, bioköpdürlüligi gorap saklamak meseleleri özara aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Türkmenistanda şu ýylyň güýzünde Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy boýunça utgaşdyryjy komitetiň maslahaty geçiriler. Şonda Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň hökümetara edarasy hökmünde bu komitetiň işini kämilleşdirmek üçin zerur çözgütleriň kabul ediljekdigine ynanýaryn.
Tebigaty goramak ulgamynda Hazarýaka döwletleriniň bäşisi tarapyndan eýýäm tassyklanylan beýleki döwletara we hökümetara edaralaryň ýakyndan utgaşykly işlemekleri zerur diýip pikir edýärin. Hususan-da, munuň özi suw biologiýa serişdelerini gorap saklamak, rejeli peýdalanmak boýunça toparyň hem-de Tähran konwensiýasynyň müdiriýetiniň işine degişlidir.
Bu guramalaryň hyzmatdaşlyk etmegi Hazar deňziniň biodürlüligini gorap saklamak hem-de deňziň ekologiýa ýagdaýyna täsir edýän amatsyz şertleriň öňüni almak babatynda örän netijeli bolup biler. Türkmenistan tebigaty goramak meselelerine, hususan-da, Durnukly Ösüş Maksatlary bilen utgaşdyrmaga toplumlaýyn çemeleşýär.
Ýurdumyzda her ýyl “Hazar deňzi — durnukly ösüş we dolandyryş” atly okuwlar geçirilýär, ol Birleşen Milletler Guramasynyň hyzmatdaşy bolan Halkara umman instituty tarapyndan guralýar.
Häzirki wagtda Hazarda alnyp barylýan ähli ykdysady işleriň ylma berk esaslanmalydygyna, bolup geçýän tebigy we antropogen hadysalara, monitoring we çaklamak ulgamyna bitewi çemeleşilmegine daýanmalydygyna ynanýaryn. Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňzinde ylmy barlaglary geçirmek hakynda bäştaraplaýyn ylalaşygy işläp taýýarlamak maksada laýyk bolar.
Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak hem-de olary aradan aýyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşygyň düzgünlerini iş tejribesine ornaşdyrmakda ilerlemek işleri öňde durýar. Mälim bolşy ýaly, IV Hazar sammitiniň Maglumatynda adatdan daşary ýagdaýlara çäre görmegiň guralyny işläp taýýarlamak göz öňünde tutulandyr. Hazar deňziniň giňişliginiň aglaba böleginiň umumy suw giňişligi bolup durýandygyny nazara almak bilen, bu ugurda mundan beýläk-de işleri geçirmek zerurdyr.
Adatdan daşary ýagdaýlara täsir etmek hem deňizde gözleg-halas ediş işlerini geçirmegiň möhüm bölegi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Hazarda gözleg we halas ediş işleri ulgamynda bäştaraplaýyn ylalaşygy işläp taýýarlamak aýratyn möhüm häsiýete eýedir.
Hormatly sammite gatnaşyjylar!
Hazar sebiti, ozaly bilen, täsin, asyrlaryň dowamynda bu ýerde ýaşap gelýän halklaryň özara gatnaşyklarynyň, däp-dessurlarynyň, medeniýetleriniň, ruhy gymmatlyklarynyň kemala gelen künjegidir. Ýöne häzirki wagtda Hazar deňziniň ähmiýeti onuň geografiki çäklerinden has giň gerime eýedir. Ol geosyýasy we geoykdysady ýagdaýlaryň möhüm merkezleriniň birine öwrülýär, bu ýerde deňiz, gury ýer we howa ýollaryny, geljegi uly energetika ugurlaryny öz içine alýan ählumumy derejeli kuwwatly ulag-üstaşyr halkasy kemala gelýär.
Şoňa görä-de, sebitiň ýurtlarynyň halkara guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda baş maksatlaryň we wezipeleriň umumylygyna hem-de üznüksizligine göz ýetirmek esasynda tagallalarynyň birleşdirilmeginiň zerurlygy örän möhümdir. Şu nukdaýnazardan, Hazarýaka döwletleriniň ýakyn geljek we uzak möhletleýin geljekde hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilik açylýar. Türkmenistan Hazar sebitinde hyzmatdaşlygyň toplanylan tejribesiniň, hoşniýetli goňşuçylygyň asyrlara uzaýan ýörelgeleriniň baýlaşdyrylmagynyň hem-de geljekki nesillere ýetirilmeginiň zerurdygyna ynanmak bilen, bu işlere taýýardyr.
Şu günki sammit biziň döwletlerimiziň deňhukuklylyk ýörelgeleri hem-de birek-biregiň bähbitlerini hasaba almak esasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, umumyhazar gün tertibiniň meselelerini kemala getirmek, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek — bularyň ählisiniň yzygiderli, bitewi we dolanuwsyz häsiýete eýe bolandygyny aýdyň görkezdi.
Men Hazarýaka döwletleriniň hormatly Baştutanlaryna Hazarda hoşniýetli goňşuçylygy we hyzmatdaşlygy ösdürmek işlerine goşýan uly şahsy goşantlary, bilelikdäki işiň ähli tapgyrlarynda oňyn hem-de özara hormat goýmak duýgularynyň beýan edilendigi üçin ýene bir gezek aýratyn minnetdarlyk bildirmek isleýärin.
Sözümiň ahyrynda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň geljekki sammitini Türkmenistanda geçirmegi teklip edýärin.
“Nesil” gazeti,
16.08.2018ý.












