Türkmenistanyň Prezidenti sport ulagynda synag sürşüni amala aşyrdy.
Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary, bu ugurda ildeşlerimize, aýratyn-da, ýaşlara nusgalyk görelde görkezýän Gahryman Arkadagymyz dynç güni säheriň ir çagynda sport ýaryşlarynyň hakyky şertlerinde nobatdaky gezek sport türgenleşigini geçmek üçin Garagum sährasynyň ajaýyp künjekleriniň birine geldi.
Bu ýere döwlet Baştutanymyz sport ulagynda gelip, degişli taýýarlygy ýerine ýetirdi, soňra Garagum sährasynyň özboluşly künjekleriniň biri boýunça ýola düşdi.
Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz ogly Serdar Berdimuhamedow bilen türkmen sährasynyň aýratynlyklaryny nazara alyp, käbir awtomobil şaýlaryny peýdalanyp, ýörite çyzgylaryň üsti bilen ony täzeden gurnapdy, netijede ýaryş awtoulagynyň häsiýetnamalary gowulandy. Bu işleriň barşynda hormatly Prezidentimiz ulagyň hereketlendirijisini hem güýçlendirdi. Şeýle hem şol gün döwlet Baştutanymyz sport ulagynyň bezegine ünsi çekip, onda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunyň, türkmen tebigatynyň keşbiniň, «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň nyşanynyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi.
Indi bu sport awtoulagy ýaryş synaglaryna bildirilýän talaplara doly laýyk gelip, halkara derejede taýýar bolup, milli Liderimiz onda ajaýyp Garagum sährasy boýunça türgenleşik geçirdi.
Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça geçiriljek «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi aýratyn many-mazmuna eýedir. Sebäbi bu ýol gadymy döwürlerden bäri dürli ýurtlaryň, sebitleriň hem-de döwletleriň we halklaryň ýakynlaşmagyna, söwda-ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmegine, ählumumy ösüşe gönükdirilendir.
Dünýäniň ägirt uly çöllükleriniň biri tebigaty goramagyň aýratyn nusgasy hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä tebigy mirasynyň Sanawyna girizilmegine mynasypdyr. Bu babatda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pikirine görä, «Amul — Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşlary ekologiýa häsiýetlidir, ýaryşlaryň Garagumuň ekoulgamyna zyýan ýetirmezligi üçin çäreler toplumy üpjün ediler. Muňa bolsa bu halkara ýaryşyň eko-ralli, eko-reýd diýlip atlandyrylmagy hem güwä geçýär.
Halkara awtoralli ýaryşynyň Garagum sährasynyň içinden geçmegi bolsa oňa gatnaşmaga isleg birdirýän birnäçe ýurtlaryň ýygyndy toparlarynyň artmagyna getirdi. Garagum sährasynyň ajaýyplyklary bilen bir hatarda, onuň ürgün çägeli, geçmesi kyn bolan ýerleri bar. Onuň çägelerine göçmek häsiýeti mahsusdyr. Süýşýän çägeler ulagyň hereketine päsgelçilik döredip, türgeniň ugurtapyjylygyny has-da äşgär eder.
Milli Liderimiz sport ulagynda synag sürşüni amala aşyrýan pursadynda bu ýagdaýa düşüp, wagt ýitirmän, ulagyň ürgün çägä çümen tigirleriniň öňündäki çägäni aýyrdy. Çöl ösümlikleriniň guran şahalaryny ulagyň çägeden arassalanylan tigirleriniň aşagyna düşedi. Bu usul ulagyň çägeden batman çykmagyna mümkinçilik döretdi.
Hormatl y Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaryş awtoulagyny sürüjini taýýarlamak üçin maksada okgunlylygyň, ulagy dolandyrmak endiklerini yzygiderli kämilleşdirmegiň, onuň ugurtapyjylygynyň hem-de dogry çözgüt kabul etmeginiň ýeňiş gazanmagyň möhüm şertini emele getirýändigini ýene bir gezek görkezdi. Bu aýratynlyklar her bir türgene mahsus bolmalydyr.
Şeýlelikde, milli Liderimiziň geçiren türgenleşigi döwlet Baştutanymyzyň ogly Serdar bilen bilelikde täzeden gurnan sport awtoulagynyň halkara ülňülerine degişli derejede laýyk gelýändigini görkezdi. Bu awtoulag serişdesiniň Garagum sährasynyň çylşyrymly şertlerinde, köp sanly dürli päsgelçilikler boýunça synagdan geçirilmegi, onuň ähli görkezijiler boýunça halkara ýaryşlara gatnaşmaga taýýardygyny äşgär etdi.
Umuman, hormatly Prezidentimiz «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň, oňa taýýarlyk we geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň ählisine örän oýlanyşykly hem-de toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini nygtap, bu halkara ýaryşlaryň, hakykatdan-da, ýatdan çykmajak, ýurdumyzyň we dünýäniň awtomobil sportunyň durmuşynda şanly waka öwrülmegi üçin ähli işleri geçirmegiň zerurdygyny belledi.
Ýurdumyzda geçiriljek «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi Halkara awtomobil federasiýasynyň (FIA) ünsüni özüne çekendigini, onuň ýörite topary bu taslamany geljekde dünýä derejeli ulgama girizmegiň oňat mümkinçilikleriniň bardygyny belländiklerini agzamak ýerlikli bolar.
Şeýlelikde, bu özüneçekiji ýaryşlar diňe bir Watanymyzyň durmuşynda däl-de, eýsem, şu ýylyň halkara sport möwsüminiň senenamasynda hem şanly waka bolar.
(TDH-niň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).
“Nesil” gazeti,
21.08.2018ý.












