4-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda paýtagtymyzda alnyp barylýan iri gurluşyklaryň, birnäçe desgalaryň, şäheriň durmuş düzümini ösdürmek, abadanlaşdyrmak boýunça maksatnamanyň iş ýüzünde ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy. Milli Liderimiz uçuşyň dowamynda paýtagtymyzyň ekologiýa ýagdaýyna aýratyn üns berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 16- njy tapgyrynyň gurluşygy bilen bir hatarda, söwda merkeziniň, Parahat — 7 ýaşaýyş toplumynda gurluşygy tamamlanan metjidiň görnüşi, beýleki desgalaryň taslamalary, şeýle hem täze döwrebap myhmanhananyň ýerleşjek ýeriniň çyzgylaryny gördi.
Aşgabadyň häzirki zaman şähergurluşyk syýasatyny üstünlikli amala aşyrmakda bar bolan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz gurulýan desgalarda milli binagärlik ýörelgeleri bilen bir hatarda häzirki zaman tejribeleriniň utgaşdyrylmalydygyny belledi. Ak mermerli belent binalary bilen durky ýyl-ýyldan özgerýän paýtagtymyzyň çägi giňelýär. Häzirki zaman şäherine, halkara derejedäki syýasy we işewürlik merkezine öwrülýär.
Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzy ösdürmegiň 15-nji tapgyrynda bina edilen ýaşaýyş jaý toplumlarynyň binalarynyň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, gurluşygyna girişilen söwda merkezinde, Bekrewe ýaşaýyş toplumyna gidýän ýoluň ugrunda gurulýan Ýanyk şikeslerini bejeriş merkezinde alnyp barylýan gurluşyk işlerini synlap, binalaryň gurlup gutarylmagy bilen baglanyşykly wezipeleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiziň dikuçary häzirki döwürde şäheri ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurluşygy batly depginde alnyp barylýan ýer bolan Köşä tarap ugur aldy. Bu taslama köp öýli we birnäçe gatly onlarça ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de beýleki binalaryň gurluşygyny özünde jemleýär. Şäheriň bu künjeginde döwrebap ýol-ulag düzümi, adamlaryň ýaşaýşy üçin aňrybaş şertleri üpjün edýän inženerçilik-aragatnaşyk ulgamy, binalaryň gurluşygy bilen bir hatarda, seýilgähler, gök zolaklar dörediler, binalaryň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylar. Döwlet Baştutanymyz şäher ilaty üçin amatly ekologiýa gurşawynyň döredilmegini paýtagtymyzy ösdürmegiň esasy şerti hökmünde öňe sürýär.
Milli Liderimiziň dikuçary soňra Aşgabadyň günorta-günbatar künjegine tarap ugur aldy. Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasy bilen «Nusaý» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýadygärlikler toplumynyň aralygynda ýerleşýän baýryň üstünde täze myhmanhanany gurmak boýunça tabşyryk berdi. Myhmanhananyň gurluşygynda hem-de bezeg aýratynlyklarynda gadymy milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zaman gurluşyk tejribeleri utgaşdyrylar. Onda Nusaý, Gadymy Köneürgenç, Gyzgala ýaly gadymy ýadygärlikleriň, minaralaryň, galalaryň gurluşyk usullary, Garagum sährasynyň altynsow alaňlarynyň reňk aýratynlyklary öz beýanyny tapar.
Soňra hormatly Prezidentimiziň dikuçary paýtagtymyzyň häzirki zaman işewürlik merkeziniň kemala gelýän ýeri bolan günorta künjegine tarap ugur aldy.
Köpetdagyň eteginden geçýän Çandybil şaýolunyň ugrunda birnäçe edara binalarynyň gurluşygy dowam edýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow edara binalar toplumynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy, olary gurmak Fransiýanyň «Buig Batiman» kompaniýasyna ynanyldy.
Çandybil şaýolunyň ugrunda ýakyn geljekde Halkara maslahat merkeziniň we kaşaň myhmanhananyň binalar toplumy emele geler. Şeýle hem Köpetdagyň etegindäki bu gözel künjekde türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň gurluşygyna başlandy. Mundan başga-da, bu künjekde soňky ýyllarda ýurdumyzda sazlaşykly ösdürilýän welosiped sportuna bagyşlanan özboluşly ýadygärlik toplumyny gurmak meýilleşdirildi.
Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda alnyp barylýan işler bilen tanyşlygy şäheriň demirgazyk künjeginde dowam etdi. Milli Liderimiz ýüzugra Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugrunda umumy eýeleýän meýdany 10 gektara barabar bolan täze «Garagum» myhmanhanasynyň ýerleşjek ýerlerini synlady. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde häzirki zaman söwda merkeziniň we hyzmat ediş binalary bolan işewürlik merkeziniň gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Şu ýerde 320 orunlyk çagalar bagynyň, 720 orunlyk orta mekdebiň, söwda we dynç alyş merkeziniň, Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugrunda täze edara binalarynyň gurluşygy meýilleşdirildi. Şeýle hem bu ýerde eýeleýän meýdany 10 gektara golaý bolan seýilgäh toplumy gurlar. Onuň merkezi böleginde Oguz hanyň ýyldyzy şekilinde ýerleşdirilen suw çüwdürimler toplumy bina ediler.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň golaýyndaky könelişen we häzirki zaman jemagat hojalygy gulluklarynyň talabyna laýyk gelmeýän şertleri bolan jaýlaryň ugrunda döwrebap seýilgäh zolagynyň döredilmelidigine ünsi çekdi. Şäheriň ilaty ýokary derejeli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilmelidir.
Soňra milli Liderimiz Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşen Owadandepede gurulýan tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygynyň gidýän ýerine tarap ugur aldy. Bu täzeçil taslama milli ykdysadyýetimiziň esasy ugruny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky ädimdir. Dünýäniň energetika ýurtlarynyň hataryna girýän Türkmenistanyň baý uglewodorod serişdelerini doly hem-de netijeli peýdalanmak şol syýasatyň esasy ugrudyr.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň we taslamalarynyň ählisi esasy maksada ýetmäge — eziz Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine we mähriban halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna gönükdirilendir.
(TDH-niň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).
“Nesil” gazeti,
06.09.2018ý.












