DÜNÝÄ WASPYŇ EÝLÄR, TÜRKMENISTANYM!

Türkmen sährasynda geçirilen awtomobil ýaryşy uly gyzyklanma döretdi. Şu günler iri metbugat we halkara media neşirlerinde «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň jemleri hem-de netijeleri hakynda giňişleýin maglumatlar berýärler.

«Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisine dünýäniň köp sanly ýurtlaryndan türgenler, şol sanda ady belli bolan meşhur awtomobil sürüjileri özleri üçin nätanyş ugur bilen çylşyrymly ýoly geçmäge uly gyzyklanma bildirdiler. Žurnalistler bu ýaryşlaryň awtomobil sporty boýunça halkara bäsleşiginiň senenamasyna girizilendigini belläp, onda türkmen türgenleriniň möhüm orun eýeländigini nygtadylar.

«Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisine 20-den gowrak ýurtdan ekipažlar gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda Beýik Britaniýa, Fransiýa, Çehiýa, Germaniýa, Ispaniýa, Italiýa, Saud Arabystany we beýleki ýurtlar bar. Bu ýaryşlary beýan etmäge gatnaşan žurnalistleriň sany has-da köp. Abraýly täzelikler agentlikleriniň, halkara teleýaýlymlaryň, sport portal ulgamlarynyň onlarçasy Türkmenistanda geçirilen ýaryşlary dünýäde wagyz etdiler.

Internet saýtlaryna goşulan wideoroliklere we RT («Russia Today») teleýaýlymynda alty dilde beýan edilen habarlara millionlarça tomaşaçylar goşuldy. Bu habar ýerleşdirilen gününden bir gün geçensoň, şol saýty peýdalananlaryň sany 1,2 milliondan gowrak boldy.

Hormatly Prezidentimiziň «100» belgili sport awtoulagyna erk edip, Amyderýanyň kenaryndan badalga beren we Awazanyň giňişliklerinde jemlenen awtomobil ýaryşlarynyň esasy tapgyrlaryny beýan edýän wideorolige bäsleşige gatnaşyjylar bilen söhbetdeşlikler, Garagum sährasy boýunça okgunly hereket edýän ulaglaryň tizligi, ekipažlaryň dynç alşy we tehniki işleri, ýaryşa gatnaşyjylaryň dabaraly ýörişi girizildi.

«Amul — Hazar 2018» rallisi dünýä awtomobil ýaryşlary ulgamynda özboluşly waka öwrüldi — diýip, RT öz beýanynda belleýär. Şeýle hem RT ýaýlymyň habarçylary ralliniň howpsuzlyk we ekologiýa derejesine aýratyn ähmiýet berlendigini nygtadylar. Olar «Ähli toparlar ýörite ekologiýa taýdan arassa, Türkmenistanda öndürilen ýangyç bilen üpjün edildi. Munuň özi howanyň hapalanmagynyň pes derejede bolmagyny şertlendirdi» diýip bellediler.

Şeýle hem «Eurosport» ýaýlymynda türkmen sährasy boýunça geçirilen ýaryşyň ähli bäş tapgyry barada aýratynlykda taýýarlanylan şekiller berildi. Ýaryşyň jemleýji tapgyry hakynda edilen rolik has meşhurlyk gazandy. Oňa bir ýarym milliona golaý tomaşaçy syn etdi. Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köpüsi «Çöldäki tomaşa», «Amul giňişliginden Hazara çenli Türkmenistanyň sährasy ajaýyp şekilleri bilen özüne çekýär» diýen sözbaşylar bilen köp sanly makalalar taýýarladylar. Bir söz bilen aýdylanda, Garagumda geçirilen ralli ýaryşlaryna aýratyn üns berildi.

Köp sanly sport neşirlerinde, şol sanda ýöriteleşdirilen awtomobil sporty neşirlerinde «Amul — Hazar 2018» halkara ralliniň türkmen rallisini guraýjylaryň toparyna ýolbaşçylyk eden Žan-Lui Şlesseriň guraýan meşhur «Afriсa Eсo Raсe» rallisiniň saýlama tapgyryna öwrülendigi bellenilýär. Munuň özi «Dakar» derejeli dünýä ýaryşlarynyň sanawyna goşulmak üçin oňyn şerti üpjün edýär.

Garagum sährasynda geçen ýaryşlar oňa gatnaşyjylarda, şol sanda millionlarça janköýerlerde we daşary ýurtlaryň tomaşaçylarynda, okyjylarynda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Olar Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeleri, onuň ýurduň ähli sebitlerini gurşap alandygyny, durmuş-ykdysady ösüşleri, ylmy-tehniki derejäni we senagat taýdan galkynyşyny ýakyndan gördüler. Bu iri ýaryşlaryň oňyn netijesi baradaky gürrüňler entekler dowam eder. Şeýle hem bu awtoralli diňe bir awtosporty ýa-da sport hereketini ösdürmek babatda däl, eýsem, ekologiýa ugurly ykdysadyýeti, ulag toplumyny kemala getirmekde, syýahatçylyk babatda ähmiýetli bolar. Olar Türkmenistanyň ajaýyp taryhy ýadygärlikleri bilen ýakyndan tanyşmak üçin bu ýurda ýene-de geljekdiklerini buýsanç bilen aýtdylar. 2019-njy ýylda geçiriljek ýene bir awtoralli täsin Garagum sähralyklaryna gaýdyp gelmek üçin ýakymly mümkinçilik bolar.

(TDH-niň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).

“Nesil” gazeti,

22.09.2018ý.

Meňzeş habarlar