Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanan dabaralaryň gerimi barha giňeýär. Giň möçberli çäreler türkmen halkynyň ruhuny göterip, mähriban Watanymyzda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylýan üstünlikleri we ýetilen derejeleri tutuş dünýä aýan edýär.
Geçen hepdede bolup geçen wakalar munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň dürli sebitlerinde şanly senä bagyşlanyp, ulanmaga berlen möhüm ähmiýetli desgalaryň açylyş dabarasy boldy. Bularyň ählisi taryh üçin gysga döwrüň içinde amala aşyrylan ägirt uly özgertmeleriň oňyn netijesidir.
17-nji sentýabrda Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda «Garabogazkarbamid» zawodynyň açylyş dabarasy ähmiýetli wakalaryň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň himiýa pudagynyň önümçilik binýadynyň üstüni ýetiren täze toplum ekologiýa taýdan howpsuzlygy we netijeli usuly arkaly aýratyn tapawutlanýar. Munuň özi zyýanly galyndylaryň howa goýberilmeginiň öňüni alýar.
Desganyň açylyş dabarasynyň dowamynda kärhananyň ýolbaşçysyna Germaniýanyň Ýulius Kun adyndaky institutynyň innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagyny ykrar edýän güwänama, Germaniýanyň oba hojalyk ýerleri, tokaýlary, balykçylyk we organiki ekerançylygy barlaglarynyň halkara jemgyýetiniň bu taslamany iň netijeli we ekologiýa taýdan durnukly taslama hökmünde ykrar edýän güwänamasy hem-de Dökünler boýunça halkara ylmy merkeziniň ýokary hilli önümiň öndürilýändigini tassyklaýan güwänama gowşuryldy.
18-nji sentýabrda milli Liderimiz paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň ýeňijilerini we oňa gatnaşan türkmen türgenlerini sylaglamak dabarasyna gatnaşdy.
Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, ralliniň jemleri boýunça üçünji orny eýelän türkmen toparlarynyň ikisiniň agzalary ýeňil awtomobiller bilen sylaglandy. Döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen, «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň guralmagyna işjeň gatnaşan işgärleriň bir topary hem-de türgenler ýadygärlik nyşanlaryna mynasyp boldular.
Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz 100 belgili awtoulagy ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň Sport-ulag merkezine geçirmek kararyna gelendigini habar berdi. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň başlangyç tapgyrynda 100 belgide çykyş etdi. Milli Liderimiz şeýle hem türkmen sporty muzeýine «Africa Eco Race»-niň ýörite sylagyny hem-de sport lybaslar toplumyny gowşurdy, döwlet Baştutanymyz bu lybasda şu ýaryşlaryň birinji tapgyrynda çykyş etdi.
Aşgabatda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitaplarynyň tanyşdyryş dabarasynyň geçirilmegi hepdäniň wajyp wakalarynyň birine öwrüldi. Mukamlar köşgünde we Jemgyýetçilik guramalary merkezinde milli Liderimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ikinji kitabynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda bolsa «TürkmenistanDurnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabynyň tanyşdyrylyşy boldy.
«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ady bilen neşir edilen ikinji kitapda döwlet Baştutanymyz anyk maglumatlara, dokumental çeşmelere, arheologiýa we binagärlik ýadygärliklerine, fotosuratlara, etnografiýa maglumatlaryna, ýurdumyzyň esasy ruhlandyryjy güýji we onuň Beýik Ýüpek ýolunyň merkezi hem-de tutuş adamzadyň ösüşine oňyn täsir eden ýurda öwrülmegine bagyşlanan maglumatlary jikme-jik seljerýär. Milli Liderimiziň täze kitabynda türkmen halkynyň dünýä medeniýetiniň ösüşine goşan goşandy hakyndaky pikirlere möhüm orun berilýär. Milli Liderimiziň täze eseri rus we iňlis dillerine terjime edilip, aýry-aýry 3 jiltden ybarat görnüşinde üç dilde çap edildi.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, ykdysady ylymlaryň doktory hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitaby «TürkmenistanDurnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» ady bilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň çäklerinde ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşine giňişleýin syn bolup durýar.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen ykdysady gazananlarynyň sergisi öz ösüşiniň belent ýoluna düşen ata Watanymyzyň ajaýyp üstünlikleriniň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde täze binagärlik açylyşlary boldy. Paýtagtymyzyň günorta bölegindäki Parahat — 7/3 ýaşaýyş toplumynyň täze köpgatly jaýlary aşgabatlylara ajaýyp sowgat boldy.
Kaka etrabynda saglygy goraýyş ulgamynyň desgalary açyldy. Bu açylyş dabaralaryna Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, milli parlamentde Ahal welaýatynyň ýaşaýjylarynyň bähbidine wekilçilik edýän Serdar Berdimuhamedow, welaýat we etrap häkimlikleriniň, saglygy goraýyş ulgamynyň degişli düzümleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular gatnaşdy.
Duşak şäherçesinde «Rysgally zähmet» hususy kärhanasy tarapyndan bina edilen täze iki gatly çaga dogrulýan öý işläp başlady.
Garahan obasynda täze Saglyk öýi açyldy. Bu ýerde näsaglara ýokary derejeli bejeriş we anyklaýyş kömegini bermek, keselden soň dikeldiş işleri üçin ähli şertler döredildi.
Balkan welaýatynyň dolandyryş merkezinde täze desgalaryň birbada ikisi — aş önümlerini öndürýän zawod hem-de ýyladyşhana toplumy dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi. Bular daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça döwlet maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde bina edildi.
Ýurdumyzyň sebitlerinde bina edilen täze desgalaryň hatarynda, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda iri şahly mallaryň derisini gaýtadan işleýän kärhana hem bar. Ýokary hilli deri öndürmek üçin döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan bu kärhana her ýylda 3 müň 600 tonna önüm öndürmäge ukyplydyr. Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda «Parahat» hususy kärhanasy «Tetra Pak» kompaniýasy bilen bilelikde, ýylda kuwwaty 16,5 million litr gaplanan süýt önümlerini öndürmäge ukyply kärhananyň gurluşyk taslamasyny amala aşyrdy.
Şeýle hem ýurdumyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda Daşoguzda we Türkmenabatda täze jaý toýlary tutuldy. Otaglary giňeldilen öýlerde amatly ýaşamak üçin ähli zerur şertler bar.
Ýurdumyzda baýramçylygyň öň ýanynda bolup geçen binagärlik açylyşlary milli Liderimiziň Türkmenistanyň toplumlaýyn senagatlaşdyrylmagyna, sebitleriň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam etmäge gönükdirilen oňyn we iri möçberli özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.
(TDH-niň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).
“Nesil” gazeti,
25.09.2018ý.












