WATANYMYZYŇ ASUDALYGY — HALKYMYZYŇ RAHATLYGY

3-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan 2018-nji ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri jemlenildi. Şeýle hem gün tertibine goranmak häsiýetine eýe bolan Harby doktrinadan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, harby gullukçylaryň ýaşaýyş we gulluk şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky wezipeler girizildi.

Milli Liderimiz ir säher bilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz dürli görnüşli harby tehnikalary synlap, döwletimiz tarapyndan ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň mundan beýläk-de berkidiljekdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň geçirilýän ýerine baryp, Köpetdagyň eteginiň gözel tebigatyny synlady. Daglaryň ösümlik dünýäsiniň tapawutly aýratynlyklaryna ünsi çekip, daşky gurşawa we adam saglygyna şolaryň oňyn täsiri barada gürrüň berdi.

Mejlisiň başynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri ýolbaşçylyk edýän edarasynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işler, Türkmenistanda durnukly jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýy saklamak boýunça görlen giň möçberli çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan jogapkärli wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini aýdyp, ýaragly düzümleriň ähli bölümleriniň harby gullukçylarynyň söweşjeň taýýarlygyny we hünär derejesini ýokarlandyrmagy tabşyrdy.

Soňra içeri işler ministri ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, awtomobil ýollarynda ýol-ulag hadysalary, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz ministrligiň ähli düzümleriniň sazlaşykly işlemeginiň wajypdygyny belläp, olara zerur derejede uly üns berilmelidigini aýtdy.

Mejlisiň barşynda ýurdumyzyň goranyş kuwwatyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada goranmak ministri çykyş etdi. Şunda goşunlaryň ähli görnüşleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy, söweşjeň taýýarlygy saklamak we milli goşunyň işgärler kuwwatyny berkitmek maksady bilen, toplumlaýyn çäreleri görmelidir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy hasabat döwründe edaranyň öňünde goýlan wezipeleri çözmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, bu düzümiň öňünde durýan ileri tutulýan wezipelere gullugyň ýolbaşçysynyň ünsüni çekdi. Milli Liderimiz Türkmenistana gelýän daşary ýurt raýatlarynyň sanynyň barha artýandygyny nazara alyp, borçnamalaryň birkemsiz ýerine ýetirilmegini hem-de gullugyň işini yzygiderli kämilleşdirmegi esasy talaplaryň hatarynda kesgitledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde beýleki käbir meselelere hem garaldy we şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlaryň ählisine olaryň möhüm we jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi hem-de bu ýerden ugrady.

(TDH-niň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).

“Nesil” gazeti,

06.10.2018ý.

Meňzeş habarlar