Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiziň esasy dünýä guramalary bilen netijeli özara gatnaşyk edilmegi netijesinde barha ýokarlanýan halkara abraýyna eýe bolýan köptaraply hyzmatdaşlygyny alyp barmaga gönükdirilen açyk daşary syýasatynyň synagdan geçen we yzygiderli ugurdygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.
Milli Liderimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda çykyş edip, ýurdumyzyň sebit we ählumumy derejedäki möhüm meseleler boýunça ileri tutulýan garaýyşlaryny, tutuş dünýäde abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine kybap gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge hem-de çuňlaşdyrmaga gönükdirilen oňyn başlangyçlary öňe sürdi. Ýurt Baştutanymyz öz çykyşynda Baş Assambleýanyň şu maslahatynyň halkara syýasatyň çylşyrymly ýagdaýynda bolup geçýändigini belledi. Dünýä jemgyýetçiligi, ozaly bilen hem Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan edilýän tagallalara garamazdan, Ýer ýüzüniň birnäçe sebitlerinde ýagdaýlar çylşyrymly bolmagynda galýar, gapma-garşylykly zolaklaryň giňelýändigini, şol bir wagtda bolsa, ählumumy ösüşiň ýollaryna hem-de geljegine bolan garaýyşlarda ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň umumy derejesiniň peselýändigini görmek bolýar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti 2019-njy ýyly Parahatçylyk we Abadançylyk ýyly diýip yglan etmek hakyndaky başlangyjy öňe sürdi. «Biziň bu başlangyjymyz dartgynlylygyň peseldilmegine, jedelli meseleleriň we gapma-garşylyklaryň parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar bilen çözülmegine bu babatda jogapkärçilikli çözgütleriň kabul edilmegine gönükdirilen anyk çäreleriň işlenip taýýarlanylmagyny göz öňünde tutýar» diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Nýu-Ýorka bolan iş saparynyň maksatnamasyna döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistan — ABŞ» işewürler maslahatyna gatnaşmagy hem girdi. Bu forum bilelikdäki tagallalary ulanyp, täze ugurlary açmak boýunça netijeli çäre boldy. Hormatly Prezidentimiz amerikan işewürliginiň wekilleriniň öňünde çykyş edip, Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine ünsi gönükdirdi.
5-nji oktýabrda ýurt Baştutanymyzyň geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde türkmen Lideriniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden öňe süren netijeli başlangyçlaryny anyk durmuşa geçirmek boýunça maksatnamanyň taslamasyny taýýarlamak hakynda gürrüň edildi.
Döwlet Baştutanymyz sarp edilýän harytlaryň hiline we howpsuzlygyna berk gözegçilik edilmegine aýratyn üns berdi. Mundan başga-da, eksport-import amallaryny tertipleşdirmek hem-de ýönekeýleşdirmek babatda tabşyryklar berildi. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň barşynda Karara gol çekip, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanynda Maliýe gözegçiligi gullugyny döretmegi tabşyrdy.
Ýurt Baştutanymyz «Bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak hakynda» Karara gol çekip, teklip edilýän çäräniň hem-de ýokary hilli tohumlaryň öndürilmegi üçin goşmaça tölegleriň bellenilmeginiň oba zähmetkeşleriniň oňat netijeleri almaga höwesiniň artmagyna ýardam etjekdigini belledi.
Geçen hepdede Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş Assambleýasynyň Aşgabatda geçirilen 55-nji mejlisi medeni gatnaşyklaryň ösdürilmeginde netijeli ädim boldy. Forumyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy, öňdäki döwür üçin wezipeler kesgitlenildi, halkara teleradiogepleşikler ulgamynda, şol sanda göni gepleşikleri guramak we beýleki ugurlar boýunça tejribe alyşmak babatynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ugurlary bellenildi.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2018-nji ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinadan gelip çykýan wezipeleri, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak, Türkmenistanda durnukly jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýy saklamak meseleleri girizildi.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guralan «HEAVY СASPIAN: TURKMENISTAN» halkara maslahatynda ulag-logistika hyzmatlarynyň dünýä bazaryny, Türkmenistanyň ulag düzüminiň kuwwatlyklaryny ösdürmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurt Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça bu maslahaty ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, Türkmen logistika assosiasiýasy (TLA) «Heavy World» hem-de «Ýük ulag merkezi» kompaniýalary bilelikde guradylar. Foruma Ýewropa Bileleşigi, GDA, Merkezi Aziýa ýurtlaryndan hem-de beýleki sebitlerden ulag-logistika we söwda kompaniýalarynyň ýüzden gowrak wekili gatnaşdy, olar Türkmenistan bilen dünýäniň işewürler toparlarynyň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýokary gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler.
Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň ХII halkara kitap sergi-ýarmarkasy hem-de ylmy maslahat geçirildi, ony Türkmen döwlet neşirýat gullugy we ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy gurady. Foruma ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Awstriýadan, Fransiýadan, Koreýa Respublikasyndan, Polşadan, Eýrandan, Rumyniýadan, GDA ýurtlaryndan hem-de beýlekilerden çaphana senagaty, işewürler we edebiýat toparlarynyň 150-ä golaý wekili gatnaşdy.
«Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde ylmy maslahat geçirildi, şonuň dowamynda neşir işini ösdürmegiň hem-de bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Geçen hepdäniň dowamynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazarýaka döwletleriniň Mekdep medeni-sport festiwaly geçirildi. Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Russiýa Federasiýasynyň dürli sebitleriniň — Dagystanyň, Galmygystanyň, Astrahan oblastynyň we beýlekileriň toparlary sportuň 6 görnüşi — guşakly göreş, kiçi futbol, woleýbol, 3х3 basketbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis we küşt boýunça ýaryşlara gatnaşdylar. Mekdep medeni-sport festiwalynyň çäklerinde Hazaryň kenarynda zehinli çagalaryň VI halkara döredijilik festiwaly guraldy. Gala-konsertiň barşynda çagalar saz çalmak, aýdym aýtmak we tans etmek başarnyklaryny, öz ýurtlarynyň hem-de halklarynyň medeniýetiniň we sungatynyň köpöwüşginli ugurlaryny görkezdiler.
Aşgabadyň «Altyn asyr» futbol topary tomaşaçylaryny begendirdi. Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň «April 25» topary bilen öz ýerinde deňme-deň oýnan, toparymyz ilkinji gezek AFK — 2018-iň kubogy ugrundaky ýaryşlaryň finalyna çykdy. 27-nji oktýabrda Yrakda geçiriljek final duşuşygynda bu kubogyň häzirki eýesi, Günbatar Aziýa zolagynda ýeňiji bolan Yragyň «Air Force Сlub» topary Türkmenistanyň çempionynyň bäsdeşi bolar.
6-njy oktýabrda, Hatyra güni tutuş ýurdumyz boýunça Döwlet baýdaklary aşak düşürildi, hemme ýerde aýat-töwirler okaldy we sadakalar berildi. Döwlet Baştutanymyz ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hem-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň şehitlerini ýatlap, «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň «Ruhy tagzym», «Milletiň ogullary», «Baky şöhrat» ýadygärliklerine gül desselerini goýdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerde berlen sadaka gatnaşyjylara ýüzlenip, öten-geçenlerimizi ýagşy söz bilen ýatlap, gadymy ýörelgeleriň düzgünlerini berjaý etmegiň merdana halkymyzyň ajaýyp däpleriniň biridigini belledi. Şeýle ýörelgeler nesilleriň we döwürleriň dowamatlylygyny alamatlandyrýar. Şeýle dessurlar belent ynsanperwerligiň hem-de ruhuň aýdyň ýüze çykmasy bolup, milletimiziň agzybirligini we jebisligini berkidýär.
(TDH-niň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).
“Nesil” gazeti,
09.10.2018ý.












