Güýz paslynda ýetişip, gyşda saçaklarymyzy bezeýän gök önümler, datly miweler az däl. Şeýle datly miweleri boldan getirýän baglaryň biri-de nar agajydyr. Nar agajy Balkan welaýatymyzyň Magtymguly, Etrek etraplarynda gowy ýetişýär. “Gözel Sumbaryň nary” diýlip goşguda waspy ýetirilen datly miwäni ösdürip ýetişdirýän babadaýhanlarymyzyň çekýän zähmeti, ýerine-de düşýär.
Narlaryň tagamy süýji, turşy, turşumtykdyr. Olar däneli, ýumşak däneli, we dänesi çigitsiz görnüşinde bolýar. Welaýatymyzda däneli we ýumşak däneli narlar has giňden ýaýrandyr. Ýuka gabykly nar ýumşak däneli bolup, sowuga çydamsyz bolýar. Ony howa sowap başlanyndan sowuk urýar. Şonuň üçin ol maýyl subtropiki ýerlerde ekilýär. Dänesi çigitsiz nar welin seýrek duş gelýär.
Nar agajynyň miwesiniň we onuň gabygynyň dermanlyk häsiýetleri has ir döwürlerden bäri bellidir. Halk lukmançylygynda nar sarygetirmede, kellagyryda, ganazlykda, süňk döwlende, eşidiş we görüş ulgamlarynyň sowuklamasynda, aşgazan, içege sökeliklerinde peýdalanylypdyr. Nar juwanlygy saklamaga we işdäni açmaga kömek edýär, iýmitiň gowy siňmegine getirýär. Onuň gemoglobiniň derejesini ýokarlandyrýandygyny hem-de bedeniň öýjükleriniň köp wagtlap öz durkunda saklanmagyna, ýürek-damar ulgamynyň kadaly işlemegine ýardam edýändigini lukmanlar belleýärler.
Mallaryň hamyndan possun tikiniljek bolnanda hem derini naryň gabygyna eýläpdirler. Içgeçmede we süýji keseli bejermekde naryň gabygyndan taýynlanan jöwher içilipdir. Ene-mamalarymyz naryň gabygyndan reňk alyp, ýüp, ýüň boýapdyrlar. Alnan reňkler haly-palasyň, keçäniň öwüşginli bolmagyna ýardam edipdir.
Nar agajynyň, miwesiniň, gabygynyň, gülüniň ynsan saglygyny goramakda ähmiýeti örän ýokarydyr. Bu barada Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň başlygy lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda hem giňişleýin maglumat berilýär.
Maral BABAÝEWA,
Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň
3-nji orta mekdebiniň mugallymy, ilkinji
ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.












