DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

      Eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligini düýpli öwrenmek, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak bilen bagly işler giň gerime eýedir. Ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde, olarda adamkärçiligiň iň ýokary häsiýetlerini ýüze çykarmakda beýik akyldar şahyryň döredijiliginiň uly ähmiýete eýedigi biziň her birimize mälim. Ata-babalarymyzdan gelýän asylly ýörelgelerimiziň biri hem halypa-şägirtlik ýoly bolup, bu ýol ýaşlaryň döredijilik ukybyny açmaga uly itergi berýär.

      Şu nukdaýnazardan, ýakynda Türkmenistanyň «Türkmengaz» Döwlet konserniniň Medeni işewürlik merkeziniň dabaralar jaýynda şol ýerde zähmet çekýän ýaşlaryň we talyplaryň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher we etrap Geňeşleriniň bilelikde gurnamagynda Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylyna bagyşlanan «Magtymguly Pyragy belent ylham çeşmesi, bagtyýar türkmen ýaşlary nesihatyň teşnesi» atly halypa-şägirtlik duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň halk ýazyjysy, «Garagum» žurnalynyň bölüm redaktory, Orazguly Annaýew, «Biznes reklama» gazetiniň baş redaktory Seýitmyrat Geldiýew, Türkmenistanyň «Türkmengaz» Döwlet konserniniň Medeni işewürlik merkeziniň Halk saz gurallary orkestorynyň çeper ýolbaşçysy, halypa, Türkmenistanyň Halk artisti Baýrammyrat Söýünow, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň at gazanan artisti Batyr Çaryýew, Türkmen döwlet Medeniýet institutynyň Teatr sungaty fakultetiniň Dramaturgiýa hünäriniň 5-nji ýyl talyby Kerim Hallyýew, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Durmuş-ynsanperwerlik bilimleri fakultetiniň Žurnalistika hünäriniň 4-nji ýyl talyby, Türkmenistanyň Prezidentiniň  «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, Türkmenistanyň Ýaşlarynyň arasynda geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijisi, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Sülgün Myratgeldiýewa, Türkmen döwlet Medeniýet institutynyň mugallymy, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi Gurbanjemal Annakowa dagylar gatnaşyp, özleriniň çykyşlarynda akyldar şahyryň goşgularynyň her bir ynsanyň kalbynyň öçmejek owazydygy, kämillik mekdebidigi, durmuşda ýagty ýol görkezýän şamçyragdygy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan köptaraply il-ýurt bähbitli işleriniň şahyryň arzuwlan azat-erkana durmuşynyň rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydygy dogrusynda buýsançly belläp, özleriniň ajaýyp şygyrlaryny okap berdiler we döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar halypa şahyrlar bilen sorag-jogap alyşdylar.

 

Muhammetmyrat BÄŞGULYÝEW,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň başlygynyň w.ýe.ýe.

Meňzeş habarlar

07 Noýabr 2025 | 126 okalan

YNSAN WE TEBIGAT

07 Noýabr 2025 | 88 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI