Ýakynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap häkimliginiň, Büzmeýin etrap prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Büzmeýin etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň, Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň eserlerini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy we aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. «Tegelek stoluň» dowamynda çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň eserleriniň üsti bilen ýaşlarda zähmetsöýerligi, arassa ahlaklylygy, ynsanperwerligi, watansöýüjiligi terbiýelemek dogrusynda buýsançly belläp geçdiler. Şeýle hem akyldar şahyrymyzyň şygyrlaryna döredilen aýdymlar dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Dabaranyň ahyrynda türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözleri aýdyldy.
Mährijemal ATAÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.












