«IŇ EÝJEJIK GYZJAGAZ – 2024» ATLY ŞADYÝAN BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

     «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň «Beýik geljegimiz siziň bagtyýarlygyňyz, kadaly ösüşiňiz bilen aýrylmaz baglydyr. Şundan ugur alyp, nesilleri halkymyzyň asylly däpleri esasynda terbiýelemegi örän möhüm wezipeleriň biri hasaplaýarys» diýen sargytlardan, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar nesilleriň bolelin durmuşda ýaşamagy, şadyýan, sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, geljekde Watanymyza peýdaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin durmuşa geçirilýän beýik işlerden, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň berýän gymmatly maslahatyndan ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sungata, döredijilige bolan söýgüsini artdyrmak, bilimlerini kämilleşdirmek, zehinli çagalary ýüze çykarmak we olary goldamak, olaryň ähli taraplaýyn kämil ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 2-4-nji synplarda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda geçirilýän «Iň eýjejik gyzjagaz – 2024» atly şadyýan bäsleşigiň etrap tapgyry Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi tarapyndan Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiniň mejlisler jaýynda uly şowhun bilen geçirildi. Eminleriň ýokary bahasyna mynasyp bolan zehinli çagalar — Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiniň 3-nji «A» synp okuwçysy Hommadowa Meňli 1-nji orna, Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebiň 2-nji «A» synp okuwçysy Mämmetliýewa Maral 2-nji orna mynasyp boldular we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar. Iň eýjejik gyzjagaz – 2024» atly şadyýan bäsleşikde I we II orna mynasyp bolan gyzjagazlar bäsleşigiň Aşgabat şäher tapgyryna gatnaşmak üçin hukuk gazandylar.

 

Rüstem MÄMMEDOW,

TMÝG-nyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

07 Noýabr 2025 | 118 okalan

YNSAN WE TEBIGAT

07 Noýabr 2025 | 84 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI