GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «ÖMRÜMIŇ MANYSY» ATLY KITABYNYŇ ÝAŞLARY TERBIÝELEMEKDÄKI ÄHMIÝETI

       Ýakynda Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň gurnamagynda şol toplumyň kiçi mejlisler jaýynda toplumyň zähmetkeş işgärleriniň gatnaşmaklarynda Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň ýaşlary terbiýelemekdäki ähmiýeti dogrusynda söhbet etmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

       Duşuşyga gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň ýaş nesli terbiýelemekde uly bir görelde mekdebi bolup durýandygy, Milli Liderimiziň bu edebi-filosofik eseriniň halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän milli ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzyň özboluşly jemlenmesi bolup durýandygyny buýsanç bilen bellediler. Kitapda ahlak kadalar we ýol-ýörelgeler beýan edilip, ýagşy niýetlere, halallyga çagyrylýar. «Ömrümiň manysy» – dünýäde haýyr bilen şeriň arasynda parh goýup, diňe haýry goldap, onuň tarapynda duran adamlaryň geljek nesilleriň hakydasynda ömürlik ýaşaýandygyny düşündirýän durmuş pelsepesidir. Many-mazmuny boýunça örän gymmatly bu eserde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen umumadamzat medeniýetiniň ösüşine saldamly goşant goşan şöhratly pederlerimiziň mirasyny öwrenmek, wagyz etmek we toplamak boýunça alnyp barylýan ylmy-edebi işler öz beýanyny tapýar. Ýaşlary terbiýelemekde, olary ömrüni manyly ýaşamaga ugrukdyrmakda, il-halkyna ýaraýan mynasyp işleri amala aşyrmak üçin ýagşy niýetlere ruhlandyrmakda bu kitabyň ýene-de uzak ýyllaryň dowamynda durmuş mekdebi boljakdygyna ynanýarys.

 

Nurjemal NEPESOWA,

Aşgabadyň dokma toplumynyň sanly ulgam boýunça hünärmeni.

Meňzeş habarlar

07 Noýabr 2025 | 114 okalan

YNSAN WE TEBIGAT

07 Noýabr 2025 | 83 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI