Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň baý medeni mirasy, ajaýyp däp-dessurlary, baýramçylyklary we toý dabaralary täze many-mazmuna eýe boldy. Ýurdumyzda mährem enelerimiziň, zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň sarpasy belentden tutulyp, olar durmuşyň ähli ýeňillikleri bilen gurşalyp alynýar. Şeýle hem olaryň döredijilik başlangyçlaryny ýokarlandyrmak, el işlerine höwesi artdyrmak ugrunda hem dürli döredijilik bäsleşikler we çäreler geçirilýär. Şeýle bäsleşikleriň biri hem “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda uludan bellenip geçirilýän Halkara Zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi hem-de Aşgabat şäher Baş müdirligi bilen bilelikde paýtagtymyzyň orta mekdepleriniň 9 – 11-nji synplarynda bilim alýan okuwçy gyzlaryň arasynda geçirilýän «Zeminiň zynaty türkmen gyzlary!» atly bäsleşigidir.
Ýakynda bäsleşigiň Köpetdag etrap tapgyry Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 84-nji orta mekdebiniň mejlisler jaýynda guramaçylykly geçirilip, oňa gatnaşan okuwçy gyzjagazlara emin agzalarynyň çykaran çözgüdiniň netijesinde ýeňişli orunlar berildi. Bäsleşikde Aşgabat şäheriniň Türkmenistanyň Gahrymany A.Nyýazow adyndaky 43-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Gurbanmämmedowa Maral 1-nji orna, Aşgabat şäheriniň 52-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Humaý Sähedowa 2-nji orna, Aşgabat şäheriniň 31-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Leýli Annanurowa 3-nji orna mynasyp boldular we Hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.
Oguljahan TÖRÄÝEWA,
TMÝG-nyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.












