WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

       Ýakynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Büzmeýin etrap komitetiniň bilelikde gurnamagynda Aşgabat şäheriniň 147-nji orta mekdebinde zähmet çekýän ýaşlaryň we bilim alýan okuwçylaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda ýurdumyzda ynsan saglygyny gorap saklamak, zyýanly endiklere garşy göreşmek, ylymly-bilimli kuwwatly ýaş nesili kemala getirmek, raýatlaryň hukuk düşünjeliligini ýokarlandyrmak, halallyk, millilik, arassa ahlaklylyk ýaly maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamakda, sagdyn-durmuş ýörelgelerine eýermek barada döwlet tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikler hem-de hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriň hataryna goşmak ugrunda edýän döwletli başlangyçlary barada giňişleýin çykyşlar edildi. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimize döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler!

 

Aýnagözel ORAZDURDYÝEWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

07 Noýabr 2025 | 105 okalan

YNSAN WE TEBIGAT

07 Noýabr 2025 | 76 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI