Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Büzmeýin etrap komitetiniň bilelikde gurnamagynda Aşgabat şäheriniň 98-nji orta mekdebiniň mugallymlarynyň we bilim alýan okuwçylaryň gatnaşmagynda «Ahlak arassalygy – ruhy tämizlik» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda türkmen jemgyýetiniň binýady bolan maşgala mukaddesligini gorap saklamak, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, zyýanly endiklerden daşda durmak, hem-de ýaşlarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, ruhubelentlik, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek dogrusynda aýratyn bellenilip geçildi. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň terbiýeçilik ähmiýetli goşgulary duşuşykda aýratyn täsire eýe boldy. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Gülnara GURBANOWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.












