Hemmämize mälim bolşy ýaly, 2-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirip, ençeme wajyp wezipeleri öňde goýdy. Şonda döwlet Baştutanymyz saglyga zyýanly endiklere garşy göreşi güýçlendirmegiň zerurdygyny aýdyp, ilatyň arasynda neşe serişdelerini ulanmagyň we çilim çekmegiň ýaramaz netijeleri barada giň düşündiriş işlerini geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginini çaltlandyrmagy talap etdi. Aýratynda, ýurdumyzda neşekeşligiň köki-damary bilen ýok edilmeginde jemgyýetçilik çäreleriniň möhüm ähmiýetini belläp, döwlet Baştutanymyz bu ugurda degişli düzümler bilen sazlaşykly iş alyp barmagyň, hususan-da, ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şu möhüm wezipelerden ugur alyp, häzirki wagtda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, ýerli welaýat, şäher, etrap hem-de ilkinji ýaşlar guramalary tarapyndan ösüp gelýän nesli ýaramaz endiklerden goramak üçin ýaşlaryň arasynda düşündiriş—aň-bilim hem-de öňüni alyş çäreleri giň gerimde geçirilýär. Şol çärelere hukuk goraýjy hem-de saglygy goraýyş edaralary, beýleki jemgyýetçilik guramalary, bilim ulgamynyň edaralary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hem işjeň çekilýär we dünýä möçberindäki bu nägehana garşy göreşe hemmeleriň gatnaşmalydygy, barlyşyksyz göreş alyp barmalydygy yzygiderli düşündirilýär. Çünki halkymyzyň, Watanymyzyň abadançylygy we rowaçlygy biziň her birimize baglydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda halkymyzyň, ozaly bilen, ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny goramak döwlet ähmiýetli wezipe hökmünde kesgitlenip, ýurdumyzda neşekeşlige garşy göreşmäge hem-de tutuş dünýä üçin zerur bolan meseläni aradan aýyrmaga. sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmäge gönükdirilen resminamalar kabul edildi we yzygiderli amala aşyrylýar.
Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda tutuş jemgyýetiň öňünde durýan sagdyn jemgyýeti berkitmek wezipelerine oňat düşünip, jogapkärli garamak her birimiziň borjumyzdyr. Geçen hepdäniň anna güni paýtagtymyzdaky «Mekan» köşgünde ýurdumyzyň ähli künjeklerinden ýygnanan ildeşlerimiziň gatnaşmaklarynda geçirilen maslahatda muňa ýene-de bir gezek şaýat bolduk. «Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet» ady bilen geçirilen bu maslahatda il bähbitli, döwlet ähmiýetli işi mundan beýläk-de işjeňleşdirmek, netijeli alyp barmak hakynda giňden pikir alşyldy, teklipler, maslahatlar diňlenildi. Bu ugurda milli terbiýeçilik ýoluny has giňden ulanmak, ýaş nesilde milli mirasa, medeniýetimize, sungatymyza, däp- dessurlarymyza hormat-sarpany ösdürmek ýaly wajyp işleriň durýandygy bellenip geçildi.
Halkymyzyň, ýaşlarymyzyň saglygy, bagtyýar durmuşy baradaky alada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan geçirilýän oňyn, durmuş ugurly hem-de bir ýurduň çäklerinden çykýan ählumumy howpsuzlyk meselelerine gönüden-göni täsir edýän häzirki zamanyň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirilen syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň häzirki we geljekki nesiller üçin ägirt uly ähmiýetli meselelere öňdengörüjilikli, hemmetaraplaýyn çemeleşmegi häzirki döwrüň umumy howplaryna we wehimlerine garşy dünýä bileleşiginiň tagallalarynyň birleşdirilmeginiň zerurdygy baradaky işjeň başlangyçlary, şol sanda neşekeşlige, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, çilimkeşlige garşy yzygiderli geçirilýän çäreler ýurdumyzyň halkara derejedäki belent abraýyny we ykrar edilmegini üpjün etdi. Häzirki wagtda Türkmenistan döwrüň talap edýän örän möhüm, ähli ýurt- laryň we halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary öňe sürmek bilen, olary durmuşa geçirmek boýunça hem yzygiderli çäreleri görýär. Muňa Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň üstünlikli geçiren birnäçe çäreleriniň netijesinde ele salnan neşe serişdelerini, bikanun getirilen temmäki önümleri ýakyp, ýok etmek boýunça geçirilýän çäreler hem şaýatlyk edýär.
Türkmenistan Diýarymyz şunuň ýaly çäreleri yzygiderli geçirmek bilen, öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirýändigini hem tassyklaýar. Biziň ýurdumyz BMG-niň neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalarynyň bikanun dolanyşygyna garşy göreş boýunça halkara konwensiýalara, neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy, düzüminde neşe maddalary bolan serişdeleri ýüze çykarmak maksady bilen, serhet gözegçiligini güýçlendirmäge, hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine tehniki kömek bermäge we olary okatmaga gönükdirilen birnäçe sebit we halkara taslamalaryna hem-de maksatnamalaryna gatnaşyjy bolup durýar. Türkmenistanyň neşekeşligi ýok etmek boýunça alyp barýan yzygiderli çäreleri, ýurdumyzyň bu ugurda özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygy giňeltmäge üýtgewsiz taýýardygy onuň parahatçylygy, asudalygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak işine ygrarlydygynyň, umumadamzat howplaryna garşy durmak boýunça tagallalara anyk goşandynyň subutnamalary bolup durýar.
Häzirki zamanyň wehimlerinden goramak, neşekeşligin ýaramaz täsirini azaltmak, şol sanda çilimkeşlige, alkogolly içgileri we humarly maddalary ulanmak ýaly saglyk üçin örän zyýanly ýaramaz endiklere garşy göreşde sportuň we köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň ösdürilmegi hem örän uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda häzirki zaman bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynyň, sport mekdepleriniň, stadionlaryň we beýleki desgalaryň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesine we sport bilen meşgullanmaga aýratyn üns berýändigi jemgyýetimiz üçin, ilkinji nobatda bolsa, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlar üçin iň gowy görelde bolup hyzmat edýär.
Biz ýaş nesliň bagtly we abadan durmuşda ýaşamagy, mynasyp bilim almagy hem-de dürli hünärleri özleşdirmegi, zähmet çekmegi we dynç almagy, sport bilen meşgullanmagy, saglygyny berkitmegi ugrunda ähli şertleri döredýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris. Belent mertebeli Prezidentimizi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işgärleriniň, ähli ýaş türkmenistanlylaryň mundan beýläk- de beýik özgertmeleri durmuşa geçirmäge mynasyp goşant goşjakdyklaryna, ýaramaz nogsanlyklara garşy aýgytly göreşjekdiklerine ynandyrýarys.
Soltangeldi BABAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Merkezi Geňeşiniň başlygy.
“Türkmenistan” gazeti,
06.03.2017ý.