Gadymy zamanlarda bir çopan bar eken. Ol bir baýyň goýnuny bakar eken. Günlerde bir gün baý bahana arap, ýaňky çopany boşadyp, eden hyzmaty üçin hem ujypsyzja hak beripdir. Çopan: «Bu gazanjym bilen maşgalamyň arasyna dolansam, iýer-geýere-de ýetjek däl. Gowusy, men başga iş gözläýin. Bujagaz gazanjymy bolsa bir ynamdar adama saklamaga bereýin» diýip, pikir edipdir. Soňra ol: «Ähli dawa-jenjeli çözmegi kaza ynanýarlar. Menem puly wagtlaýyn saklap bermegi şondan haýyş edeýin» diýipdir-de, baýdan alan hakyny kaza tabşyrypdyr. Özi hem gidip, başga bir baýa çopan bolupdyr. Onuň dowarlaryny bakypdyr. Ep-esli wagt geçensoň, bu baý bilenem hasaplaşyp: «Öňki goýanymy üstüne goşsam, eslije bolar» diýip, şol kazynyň ýanyna gelipdir:
– Kazy aga, men-ä goýan pulumy idäp gelendirin. Saklap bereniňe ullakan taňryýalkasyn – diýipdir. Kazy çopanyň ýüzüne geňgalyjylyk bilen garap, gözlerini gyrpyldadyp:
–O nä pulmuş? Nämäniň taňryýalkasynymyş?! Men seni ömrümde görmesem, näme? – diýip, onuň puluny gaýtaryp bermekden geçen, gaýtam üstüne heňkiripdir. Çopan näderini bilmän, çykyp gaýdypdyr. Ýolboýam içini gepledip, gama batypdyr. Gün gijigendigi sebäpli, obanyň çetki öýüne Taňry myhmany bolupdyr. Şol wagt öýde bir gelin bilen ogly bar ekeni. Hal-ahwal soraşylandan soň:
– Agam, ýaman tukat görünýäňiz-le – diýip, gelin gyzyklanypdyr.
– Wah, men gamlanman, kim gamlansyn?– diýip, çopan hem muňa başdan geçirenlerini gürrüň beripdir.
– Beýle bolsa, meseläni ertir çözmäge synanyşaly – diýip, gelin aýdypdyr. Ertesi ol bezemen geýnip, oguljygynyň elinden tutup, bir ullakan düwünçegem goltugyna gysdyryp, kazynyň ýanyna gitmekçidigini aýdypdyr. Ol çopana hem öz ogluna näme etmelidigini öwredipdir. Şeýdip, bular üç tirkeşik bolup, kazynyňka ugrapdyrlar. Ýetip barýarkalar, gelin ogly bilen çopana:
«Siz şu ýerde duruň. Ýöne ýaňky öwredişim ýaly etmegi unudaýmaň!» diýip, ýeke özi kazyhana girip gidipdir.
– Salamälik, kazy aga! – diýip, gapydan girenden, ýaş hem bezemen gelin kaza ýüzlenipdir.
– Amanmysyň, gelin? Aman-sagmysyň? Geleweriň-de, geçeweriň! – diýip, kazy jogap beripdir. Gelin:
– Kazy aga, geçib-ä oturjak däl. Ýöne men hyzmatlyja gelendirin sizin ýanyňyza. Meniň adamym uzak ýola söwda gitdi. Bularam öýdäki altyn-kümüşlerim. «Gaty ynamdar adamdyr, kazy aga tabşyrgyn gelýänçäm. Ýogsam bilip bolmaz, bir päli azan ahmalyňa garap, elini uraýmasyn» diýip tabşyrdy. Menem sizde duraýsyn diýdim – diýip, goltugyndaky düwünçegi kaza tarap uzadypdyr. Kazy hem:
– Heý, onuňam bir azary bormy?– diýip, ony almakçy bolan mahaly hälki çopan:
– Salawmaleýkim, kazy aga – diýip, gapydan gelipdir. Kazy syr bildirmezlige salyp, munuňam salamyny gadyrly alypdyr.
– Näme hyzmat? – diýip sorapdyr. Çopan hem:
– Men-ä, kazy aga, arakyja goýan puljagazymy beräýseňiz diýip geldim – diýipdir.
Çopanyň hakyny bermese, altyn-kümüşden doly düwünçekden el ýuwmaly boljagyny aňan kazy:
– Beý, onuňam bir gürrüňi bormy? Alaweri, amanadyňy!– diýip, çopanyň puluny birme-bir sanap bermäge başlapdyr. Kazy onuň iň soňky puluny sanap: «Boldumy?!» diýip, şelaýynlyk bilen oňa ýüzlenipdirem welin, edil şol wagt gelniň oguljygy:
– Eje, aý, eje, kakam giden ýerinden dolanyp geldi, buşluk – diýip, heşelle kakyp, gapydan ylgap giripdir.
– Ol-a gowy bolaýypdyr, jan oglum! Onda kazy agany azara goýup oturmalam däl-dä! – diýip, gelin ortadaky düwünçegi göterip, ýerinden turupdyr. Ogly bilen çopanyň ýüzüne garap, gülüp goýberipdir. Gelinden göwni biten çopan hem keýp edip gülüpdir.
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ
«TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» KITABYNDAN