Täze taryhy zamanada halkara hyzmatdaşlygynda toplanan oňyn tejribeleriň esasynda ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlary halkara guramalaryň, forumlaryň, ylmy maslahatlaryň we festiwallaryň işine işjeň gatnaşmaklary netijesinde halkaryň arasynda özara dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrylmagyna uly itergi berdi.
Bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň kanunçylygy we Türkmenistanyň halkara şertnamalary esasynda, türkmen ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen, «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023-2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegide türkmen ýaşlarynyň beýleki daşary ýurtly ýaşlar bilen dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm başlangyç boldy.
Türkmenistanyň öňe süren hem-de halkara gatnaşyklarynda parahatçylygyň, dialogyň we ynanyşmagyň medeniýetiniň kemala gelmegine gönükdirilen «Dialog –parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyjy dünýä bileleşiginde gyzgyn goldaw, giň seslenme tapdy. Gahryman Arkadagymyzyň bu başlangyjyny halklaryň arasynda parahatçylygy we ynamy ösdürmegiň, dostlugy berkitmegiň, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň hem-de döwletleriň okgunly ösüşine ýardam bermegiň hatyrasyna mundan beýläk-de iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmak türkmenistanly ýaşlar üçin uly derejedir, abraýdyr, hormatdyr.
Daşary ýurtlarda geçirilýän halkara çärelere gatnaşýan türkmen wekiliýetiniň düzüminde ýaşlaryň hem bolmagy, olary hemmetaraplaýyn ösen, watançy, jogapkärli, giň gözýetimli şahsyýetler hökmünde kemala gelmegi üçin ýurdumyzda ähli zerur şertleriň döredilýändigini tassyklaýan subutnamalaryň biridir.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 27-30-njy oktýabry aralygynda türkmen wekiliýetiniň Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde UNDP-niň «Merkezi Aziýa zorlukly ekstremizmiň öňüni almak üçin durnukly jemgyýetleri ilerletmek» atly sebitleýin taslamanyň çäginde ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmagy munuň aýdyň beýanydyr.
Geçirilen duşuşygyň esasy maksady agzalan taslamanyň çäklerinde edilýän işleri ara-alyp maslahatlaşmakdan ybarat bolup durýar. UNDP-niň «Merkezi Aziýa zorlukly ekstremizmiň öňüni almak üçin durnukly jemgyýetleri ilerletmek» atly sebitleýin maslahat duşuşygyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hünärmeni hem türkmen wekiliýetiniň düzüminde gatnaşyp, onda üstünlikli çykyş etdiler.
Çykyşlarda Türkmenistanda ektremizme garşy göreş alyp barmagyň çäginde ýaşlar bilen alnyp barylýan işler, şeýle-de ýaşlara telekeçilik babatynda döredilýän mümkinçilikler dogrusynda bellenilip geçildi hem-de sorag-jogap arkaly öz-ara pikir alyşyldy.
Myhmanlar üçin taýýarlanan medeni maksatnama aýratyn ýatda galyjy bolup, myhmanlarda aýratyn täsir galdyrdy. Galyberse-de, gatnaşyjy ýaşlaryň şahsy tejribeleriniň gerimini giňeltmäge giň mümkinçilik döretdi.
Selbi ATAJANOWA,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň
Halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň
baş hünärmeni.