PÄHIM-PAÝHASYŇ SÜTÜNI

Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýetilen sepgitlerini we gazanylan üstünliklerini, Ýer ýüzünde parahatçylygy üpjün etmäge goşýan goşandyny, öňe sürýän başlangyçlaryny dünýä ýaýmak, Türkmenistanyň taryhy Ýüpek ýoluny dikeltmek hem-de giňeltmek, halkymyzyň şöhratly taryhyny mundan beýläk-de öwrenmek maksady bilen 2017-nji ýylyň 9-10-njy oktýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň karary bilen 2018-nji ýylyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip atlandyrylmagy halkymyzyň begenjini artdyrdy. Şeýle şatlykly pursatlarda Alym Arkadagymyzyň döredijilik zehininiň miwesi bolan “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly täze kitabynyň okyjylara gowuşmagy bolsa, hemmämiziň ruhumyzy joşdurdy.

Gahryman Arkadagymyzyň bu kitabynda Beýik Ýüpek ýolunyň şöhratly taryhyna medeni hadysa hökmünde garalýar. Türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda dünýä ýüzünde özüni parahatçylyk söýüjilik, dostluk, watanperwerlik ýaly beýik ýörelgeleri bilen tanadandygy şeýle hem umumadamzat gymmatlyklarynyň esasy orny eýelemek bilen halklaryň dostlugynyň ösmeginiň we berkemeginiň özenini emele getirendigi barada gyzykly maglumatlar getirilýär. Mundan başga-da bu kitapda asyrlaryň jümmüşinde bolup geçen käbir taryhy wakalaryň beýany ýazuw çeşmelerinde, medeni gymmatlyklarda hem-de halkyň hakydasynda jemlenip, nesilleriň ruhy dünýäsinde ömür dowamatyny tapýandygy barada nygtalýar. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistan döwletimiziň Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen bitiren dostlukly gatnaşyklaryna bagyşlanan kitabyny okanyňda, Beýik Ýüpek ýoly diňe söwda we diplomatiýa ýoly bolman, eýsem medeniýetleriň, iş usullarynyň, tehnologiýalaryň, sungatlaryň we ylmyň ýaýramagyna dünýä halklarynyň medeniýetleriniň baýlaşmagyna, halkara gatnaşyklaryň berkemegine, aňyň we medeniýetiň, milli mentalitetiň kämilleşmegine uly kömek edendigi baradaky gyzykly maglumatlaryň bardygy aýratyn bellärliklidir. Şeýle hem bu kitapda çuňňur mazmunly maglumatlar bilen birlikde geçmişimizi dabaralandyrýan hekaýatlardan söz açmak bilen getirilýän aýtgylar we rowaýatlar düýne şu günüň nazaryýeti bilen garamaga giň ýol açýar.

Halklaryň we döwletleriň arasyndaky gatnaşyklar ykdysady, syýasy we medeni islegleriň nazara alnandygyny biz taryhymyza nazar aýlanymyzda-da bilýäris. Şeýle gadymy ýollaryň biri Günbatar bilen Gündogary müňýyllyklaryň dowamynda biri-birine baglanyşdyryp gelen Beýik Ýüpek ýoludyr. Gadymy kitaplarda, halk dessanlarynda, köne golýazmalarda “Çyn-Maçyn” ýurdy diýlip atlandyrylýan Hytaý bilen Türkmenistany müňýyllyklaryň dowamyndaky gatnaşyklar birleşdirýär. Bir wagtlar gadymy Hytaý diwarlaryndan başlanyp, tä Ýewropa çenli uzan Beýik Ýüpek ýolunyň Türkmenistanyň üstünden geçenligi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen halky asyrlaryň dowamynda hyzmatdaşlyga, dost-doganlyga sarpa goýmak bilen Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen geçýän söwdanyň ösmegine, halkara hyzmatdaşlygynyň ýaýbaňlanmagyna mynasyp goşant goşupdyr. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda Gürgenç, Şähristan, Nusaý, Merw, Sarahs, Abiwerd, Dehistan we Amul ýaly şäherler esasy orny eýeläpdir. Bu ýoluň halklaryň arasyndaky dürli ugurlardaky syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýeti bolupdyr. Şol sanda hünärmentçiligiň, ylmyň we medeniýetiň ösmegine-de uly itergi beripdir. Munuň özi halkymyzyň milli we adamzat gymmatlyklarynyň hataryna goşulmagyna şert döredipdir. Şol bir wagtyň özünde-de dünýäniň halklarynyň we türkmen halkynyň medeniýetiniň we sungatynyň özara baýlaşmagyna öz täsirini ýetiripdir. Hormatly Prezidentimiziň bu kitabynda: “Özara gatnaşyklaryň medeniýeti, medeniýetleriň özara gatnaşygy, ine, Beýik Ýüpek ýolunyň köpasyrlyk tejribesi şonda jemlenendir, ata-babalarymyzyň pähim-paýhasynyň sütüni, daýanç kökleri hem şondadyr. Şulary nazara almak bilen, biz döwürleriň arasyndaky gatnaşyklary dikeltmäge, halklaryň umumy taryhyny aýap saklamaga hem-de ony düýpli öwrenmäge, ähli ýurtlaryň arasyndaky goňşuçylyk gatnaşyklarynyň binýadyny pugtalandyrmaga çalyşarys” diýip nygtamagy, döwletleriň arasyndaky goňşuçylyk gatnaşyklarynyň binýadyny pugtalandyrýandygyny, Beýik Ýüpek ýoluna dahylly ähli taryhyň medeniýetleriniň özara gatnaşygyna daýanýandygyny aýdyň görkezýär.

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän taryhy desgalaryň 20-den gowragy bar. Olaryň arasynda ýadygärlikleriň üçüsi — Amul galasy, Akjagala kerwensaraýy hem-de Gökgümmez kümmetleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna hödürlenýär.

Halkyň öz geçmiş taryhyny taryhy-medeni mirasynyň üsti bilen öwrenmegi has-da täsirli bolýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen biziň taryhy-medeni mirasymyzyň öwrenilmegi we gorap saklanylmagy uly ynsanperwerlikden nyşandyr. Edebi mirasymyzyň nesillere hyzmat edip bilmegi bolsa, biziň yhlasymyza baglydyr, şonuň üçin bu gymmatlygy baýlaşdyrmak, berkitmek we ösdürmek möhümdir. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda Türkmenistanyň çägindäki ykdysady-durmuş ýagdaýy täsin eserleriň döremegine diňe bir täze ýüze çykan ertekileriň ýa-da dessanlaryň däl, has irki zamanlardan gözbaş alyp gaýdýan döredijilik eserleriniň hem giňden ýaýylmagyna hem-de aýawly saklanylmagyna oňaýly täsirini ýetiripdir. Bu kitabyň “Ertekiler dünýäsinde” diýen bölümi bilen gutarmagy logika gabat gelýär. Ertekileriň we rowaýatlaryň üsti bilen geljekki nesillerimize öwüt etmek biziň her birimiziň borjumyz bolup durýar. Şeýlelikde, ertekileriň üsti bilen kerwenli söwdanyň ähmiýetli orny eýelän döwründäki halkyň durmuş ýagdaýyny düýpli açyp görkezmekde tapylgysyz uly çeşmedigine göz ýetirýärsiň.

Gahryman Arkadagymyzyň paýhas kämilliginden kemal tapan çuňňur mazmunly, taryhy maglumatlaryň hem-de şanly geçmişimizi dabaralandyrýan hekaýatlary özünde jemleýän kitaplaryny halkymyza sowgat bermegi biz — ylmy işgärleriň döredijilikli işlemegimize bahasyz gollanma bolup durýar. Şanly Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda neşir edilen, bütin adamzady parahatçylyga çagyrýan, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini dabaralandyrýan dürdäne setirli “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitaby Watanymyzyň her bir raýatynyň ýan kitabyna öwrüler. Hormatly Prezidentimiziň halkymyza nusga bolýan gymmatly kitaplarynyň höwri köp bolsun!

Aýgözel NURLYÝEWA,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk

institutynyň uly ylmy işgäri.

“Nesil” gazeti,

24.10.2017ý.

Meňzeş habarlar