GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» ATLY KITABYNDAN

Gadymy hekaýatlar durky bilen many. Indi ýakynlyk barada hem aýdyp geçeýin. Aýtmaklaryna görä, danalaryň biri: «Doganlar nähili bolýarlar?» diýen sowala iki ynsanyň arasyndaky biologik ýakynlyk nazaryýetinden ekiz dogan, enesi bir dogan, atasy bir dogan, enesem, atasam bir dogan bolýar diýip jogap beripdir. Onuň piri şonda:

– Ruhy doganlar hem bolýar, olar doganlaryň iň ýakynydyr. Sebäbi olar diňe bir maddy esasdaky, soňraky terbiýedäki umumylygy saklamaýarlar, olar oý-pikiri, dünýägaraýşy, aň-üşük, zehin derejesi, paýhasy babatda birdirler we biriniň aýdany beýlekisiniň ýüregine jüňk bolýandyr. Ynha, şol doganlar ruhy doganlardyr – diýip jogap beripdir.

Türkmençilikde «Dostum dogan bolsun, doganym dost bolsun!» diýen aýtgy bardyr. Iki sany ganybir doganyň hem hüý-häsiýetleri, zehindir akyl-paýhas derejesi deň bolmaýar. Ýogsam, şolaryň kemala gelen giňişligi birmeňzeşdir. Käteler bolsa, düýbünden nätanyş adamlar dogan ýaly ýakynlaşyp, birek-birege ömür örki baglanýar. Şeýle dostlaryň wepalylygy-da hiç zat bilen deňär ýaly däldir. Şalyk dowamaty baradaky aladanyň derejesiniň has uludygy barada tymsallar başga-da köp.

Iki goňşy döwletiň patyşalarynyň perzentleri birek-biregiň ýüregine düşünýän, birek-biregi aýaýan adamlar bolup, olaryň arasynda söz bilen beýan etmesi kyn bolan ýakynlyk bar. Adamlar häzir hem deregi görenlerinde, onda şol gelniň ile aýan etmedik, ýaşyryn gussasyny duýýarlar, derekleriň şybyrdysy şol heňi çalýan ýaly duýulýar.

Pederlerimiziň tebigatyň gözelliklerinden özboluşly many aňlamagy başarandyklary Hüýpüpik hem Arça hakyndaky rowaýatlardan hem görünýär. Sebäbi olarda tebigatyň bir ülşi barada söz açylyp, şondan hem dünýäniň ebedi bitewüliginiň manysy görünýär. Hüýpüpik owadan gyzy ýadyňa salýar, hamala, ol gyz lybaslaryna beslenen guş! Hüýpüpigiň ýelekleri dürli öwüşgin atýar. Aýaklary gysga bolsa-da, dyrnaklary nusga alan ýaly. Özi hem näzik bolandygy üçin, ýyly ýerlerde gyşlaýar, aňzaga durumy ýok. Aýdyşlaryna görä, ol hem bir döwürlerde obanyň iň zyba gözeli eken. Bir gün oba duşman çozýar. Gyz duşmanyň eline düşmejek bolup, çarp urupdyr:

– Eje jan, ýagşy dileg etsene, bolmasa, men özümi heläkläýmesem, alajym ýok. Duşmanyň goluna düşesim gelenok! – diýip, ýarym-ýaş aglapdyr.

Iki sany naçaryň elinde näme bar?! Ene düýrmegi bilen dilege öwrülip:

– Eý, Allam, meniň perzendimi halas et! Mertebämiz kesekiniň aýak astynda galmasyn! – diýip, nalyş edipdir. Enäniň nalyşyna baglaryň başy sülleripdir diýip, rowaýatda gürrüň berilýär. Ahyrynda asmandan:

– Seniň ganatyň bar, uç! – diýip, owaz gelenmişin. Gyz iki elini gapdala gerýär welin, olar ganata öwrülýär. Ol halas bolýar. Bu rowaýatyň manysy enäniň dileginiň gudrat döredýänligindedir, zenan maşgalanyň ahlak arassalygynyň, watansöýüjiliginiň belentligindedir.

Meňzeş habarlar

21 Ýanwar 2025 | 1588 okalan

AKYLLY ÝANÝOLDAŞ

20 Ýanwar 2025 | 500 okalan

TIKEN WE MÄHIR