Özboluşly gözelligi bilen agras güýz pasly dowam edýär. Bu sahawatly güýzde söz bilen düşündirip bolmaýan gözellik bar, rysgal-bereket bar. Ýeke-ýekeden tänip düşýän ýapraklar ylhamyňa ylham, joşgunyňa joşgun goşýar.
Baglarda ir-iýmişler ýetişse, pellerde ap-ak pagtalar açylýar. Ene toprak bize hasylyny bolluk bilen eçilýär. Bu pasylda zähmetkeş daýhan öz zähmetiniň rehnetini görýär. Şeýle adamlara şu pursatda diňe bir «Harmanyňyza bereket!» diýmän, «Öz rysgal-döwletiňiz özüňize nesip etsin!» diýesiň gelýär. Çünki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her bir adam çeken zähmetiniň, döken alyn deriniň lezzetini görüp ýaşamak bagtyna eýedir.
Altyn öwüşginli güýz gün-günden ajaýyplyklara beslenýär. Naz-nygmata baý güýz günlerinde Garaşsyzlygymyzyň şanly 26 ýyllyk baýramynyň şatlyk-şowhuny äleme doldy. Toýlary toýa ulaşýan Diýarymyzda ýüzlerçe raýatlarymyzyň arzuw-islegleri hasyl bolup, köňül köşgüniň çyragy nurlandyryldy. Göreniňde görki bilen seni mähre eýleýän, köňlüňi telwas edýän paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde Aşgabat şäherini ösdürmegiň 15-nji tapgyrynyň nobatdakysynyň çäklerinde gurlup ulanmaga berlen iki gatly kottejler, üç hem-de dört we ondan hem köp gatly ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň uly toplumy bagtyýarlyk döwrüniň ýene bir ýola dabaralanýandygynyň nyşanydyr. Durmuş maksatly desgalaryň açylyşy bilen utgaşykly gelen Garaşsyzlyk toýuny türkmen ili ýürekleri joşa getirýän milli buýsanç bilen garşy aldy.
Düýbünden täze keşbe giren, bütinleý tanalmaz derejede özgeren paýtagtymyzy synlamak seni ýakymly duýgularyň jümmüşine salýar. Bu gurlan ajaýyp hem kaşaň medeni-durmuş maksatly binalar ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha artýandygynyň, halkyň eşretli geljegini nazarlap, bagtly ertirlere tarap ynamly öňe barýandygynyň subutnamasydyr.
Toýly günlerimiziň şatlygyny goşalandyran pursatlaryň biri hem hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda zähmetde hem gullukda tapawutlanan watandaşlarymyza hormatly atlaryň dakylmagy, döwlet sylaglary bilen sylaglanmagydyr. Çekilen zähmetiň miwesini, dökülen deriň netijesini görmek ýaly bagtlylyk ýok. Bu bagt diňe adamyň zähmetine hormat goýulýan ýerde, gadyry bilinýän Diýarda mümkindir.
«Ile döwlet geler bolsa, bagşy bilen ozan geler» diýýän halkymyzyň bagşy-sazandalary toýlarymyzyň jarçysydyr. Baýramçylyga täze zähmet üstünlikleri bilen gelen halkymyzyň armasyny aýdym-saz bilen ýetirmek bagşy-sazandalarymyzyň paýyna düşýär. Paýtagtymyzdaky Maslahat köşgüniň kaşaň sahnasynda medeniýet we sungat ussatlarynyň döwlet konserti türkmen sungatynyň köpöwüşginliligini ýene bir gezek açyp görkezdi. Konsertiň tapawutly aýratynlygy milli mirasymyzyň, kino sungatymyzyň «altyn gaznasyny» düzýän «Şükür bagşy», «Aýgytly ädim», «Aşyr aganyň hötjetligi», «Mukamyň syry», «Ýuwaş gelin», «Meniň dostum Meleguş», «Keçpelek», «Şasenem we Garyp» ýaly kinofilmlerden aýdymlaryň aýdylmagydyr. «Göreldeli» harby orkestriniň ýerine ýetirmeginde «Watan goragynda» diýen aýdym il abadançylygynyň, ýurt asudalygynyň tarypy bolup ýaňlandy. Milli Liderimiziň zehininden dörän «Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly aýdymy konserte gatnaşyjylaryň hemmesiniň bilelikde ýerine ýetirmegi türkmen halkyny röwşen geljege alyp barýan hormatly Prezidentimize bolan çäksiz hormatyň, buýsanjyň owazy bolup alyslara ýaýyldy.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanyna bagyşlanan «Aşgabat» stadionynda geçirilen baýramçylyk dabarasy gülläp ösýän milli medeniýetimizi, ajaýyp döwrümiziň ruhy mazmunyny, türkmen halkynyň ýüreklerine röwşenlik çaýýan baky bagtyýarlygyny wasp etdi. Bu şowhunly dabarany müňlerçe tomaşaçy uly buýsanç hem gyzyklanma bilen synlady.
27-nji oktýabrda baýramçylyk lybasyna bürenen paýtagtymyzyň baş meýdançasynda bolan dabaraly harby ýöriş ýurdumyzyň parahatçylygyny, asudalygyny goramaga niýetlenen ýaragly güýçleriniň, harby düzümleriniň we beýleki birlikleriniň, Watan goragynda duran türkmen esgerleriniň ýokary hünär ussatlygyny görkezdi. Ykjamdan owadan geýnüwli, häzirki zaman tehniki tilsimatlaryna we ýaraglaryna ussatlyk bilen erk edýän, hereketleriniň takyklygy, baş münberiň öňünden geçýän esgerleriň hatarlarynyň sazlaşygy guwanç duýgusyny döretdi. Dabaraly baýramçylyk ýörişini ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň zähmetkeşleri, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlarynyň işgärleri dowam etdiler. Dabaranyň soňy aýdym-sazlara, şowhunly çykyşlara ýazyp gitdi. Şol gün ýurdumyzyň hem çar künjeklerinde toý şowhuny asmana göterildi.
«Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada döredijilik we sungat ussatlarymyzyň watansöýüjilik joşguny bilen ýerine ýetiren çykyşlary toýa gelen märekäniň şatlygyny artdyrdy. Asuda asmanyň astynda töwerege ýagtylyk saçyp, Gök ýüzünde täsin nagyşlary emele getiren feýerwerkler gaýtalanmajak ruhy duýgulary, begençli pursatlary bagyş etdi. Bu şatlyk-şowhunly çäreleriň dowamy toýlarda at çapdyrmak däbi bilen utgaşdy.
«At agynan ýerde toý bolar» diýen peder pendiniň toý-baýramlara beslenýän Diýarymyzda durmuş hakykatydygyna her bir watandaşymyz şaýat bolýar. Şan-şöhraty äleme dolan, ýelden ýüwrük bedewlerimiz türkmen halkynyň milli buýsanjydyr, toýlarynyň bezegidir. Halk içinde toý dabaralarynyň iň arzylanýany bedewleriň ýaryşydyr. Bu gün ýurdumyzda geçirilýän at çapyşyklary baýramlarymyzyň şowhunyny artdyrýar. Halkara atçylyk sport toplumynda geçen döwlet at çapyşygy Garaşsyzlyk toýuny has-da öwüşginlendirdi.
Bu gün ata-babalarymyzyň asyrlarboýy köňülleriniň şirin aýdymyna öwrülen arzuwlarynyň hasyl bolýan döwri. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda bagtyýarlyk döwrümizde ata Watanymyz günsaýyn beýik ösüşlere eýe bolýar. Görlüp-eşidilmedik nusgalyk işleri amala aşyrýarys. Garaşsyzlyk bize öz miwelerini bolluk bilen eçilýär. Garaşsyzlyk bizi bagtyýar durmuşa sary öňe alyp barýar. Türkmeni şeýle beýik ykbala eýe eden hormatly Prezidentimiziň jany sag, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaç bolsun!
Mähriban GANDYMOWA,
“Nesil” gazeti,
31.10.2017ý.