Golaýda Mary welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi welaýat kitaphanasy bilen bilelikde brifing duşuşygyny gurady. 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen brifing duşuşygyna TMÝG-niň Mary welaýatynyň etrap, şäher Geňeşleriniň hünärmenleri, kitaphanaçylar we bagtyýar ýaşlar gatnaşdylar. Täsirli geçen duşuşygy TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň başlygynyň orunbasary, Mary welaýat halk maslahatynyň agzasy Yklymmyrat Tuwakmyradow alyp bardy.
Ýaşlar üçin ähmiýetli bolan duşuşykda TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Maksat Janmyradow, Mary şäheriniň merkezi şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy, Mary welaýat halk maslahatynyň agzasy Gülbahar Nazarowa, Mary etrap raýat ýagdaýynyň namalar ýazgysy bölüminiň müdiri, 3-nji derejeli ýurist Gadam Atagulyýew, TMÝG-niň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň başlygy Hojamyrat Akmyradow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy Kerwen Berdiliýew, Mary welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy Göwher Ataýewa, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Aýgül Gurbanmyradowa çykyş etdiler.
Çykyş edenler 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň uly ähmiýetiniň bardygyny, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň toýunyň uludan toýlanyljakdygyny, Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly ajaýyp kitaplarynyň giň many-mazmuna eýedigini we terbiýeçilik ähmiýetiniň uludygyny uly buýsanç bilen nygtadylar.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar eziz Diýarymyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik başlangyçlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Batyr GURDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.