Ýaşlar, sagdyn durmuş ýörelgesi we sport

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 26-njy ýanwarynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligini döretmek hakyndaky Permana gol çekdi. Bu resminama döwlet tarapyndan halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesiniň geriminiň giňeldilmegi, sport ulgamynyň ösdürilmegi, ýaşlaryň döwrebap terbiýelenmegi ugrundaky işlere möhüm ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy. Permanda täze ministrligiň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň sport ulgamyny düýpli özgertmek, türkmen sportunyň dünýädäki abraýyny belende götermek, şeýle hem ýurdumyzyň ýaşlaryny sporta giňden çekmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we olimpiýa hereketleriniň üsti bilen sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaşlaryň arasynda has-da ýaýbaňlandyrmak, döwletimiziň sport we ýaşlar babatdaky syýasatyny utgaşykly alyp barmak hem-de watançy, sagdyn pikirli, zähmetsöýer, ýokary medeniýetli ýaşlary ýetişdirmek maksady bilen döredilýändigi berkidilýär. Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjiligi netijesinde Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynyň ilkinji aýynda kabul edilen bu Perman halkymyzyň buýsanjyny, sport janköýerleriniň şatlygyny goşalandyrdy, gujur-gaýratly ýaşlarymyzyň sporta bolan gyzyklanmasyny ýokarlandyrdy, ussat tälimçilerimizi we türgenlerimizi täze üstünliklere ruhlandyrdy.

Hormatly Prezidentimiziň Permany milli däplerimiz we ahlak kadalarymyz bilen sazlaşýan sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kanunalaýyklygyny, sport bilen ýaşlaryň aýrylmaz baglanyşygyny kesgitleýär. Hususan-da, geljegimiz bolan ýaş nesilleriň wagtlaryny rejeli geçirmegine, erjellik, maksada okgunlylyk we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelenmegine ýardam edýär.

Şu nukdaýnazardan bagtyýar raýatlarymyzyň sportuň dürli görnüşleri bilen gündelik meşgullanmaklary üçin amatly mümkinçilikler döredilýär. Durmuşa geçirilýän çäreleriň netijesinde raýatlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, şähdini açmagyna, saglygyny berkitmegine, göwnejaý dynç almagyna, ýaşlar we bedenterbiýe-sport merkezleriniň işjeňleşmegine giň ýollar açylýar.

Arkadag Prezidentimiziň döwletimizde bedenterbiýäniň we sportuň ösen ulgamyny döretmek hem-de kämilleşdirmek baradaky taýsyz tagallalary bilen, dünýä we halkara derejesindäki sport ýaryşlarynda ata Watanymyza wekilçilik edýän sport toparlarynyň sany artdy. Sport äleminde meşhurlyk gazanan dünýä belli ezber türgen ýigitler we gyzlar kemala geldi. 2017-nji ýylda merjen paýtagtymyz Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýokary guramaçylykly ýagdaýda geçirilmegi, oýunlara gatnaşan ussat türgenlerimiziň gazanan ýeňişleri aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr. Myhmansöýer ýurdumyzda «Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.» şygary bilen geçirilen bu halkara sport baýramy güneşli Diýarymyzyň sport giňişligindäki ornuny, döwletleriň we halklaryň hoşniýetli gatnaşyklaryny has-da berkitdi. Garaşsyz Watanymyzda sportuň sagdynlygyň gözbaşy, halkara hyzmatdaşlygynyň we parahatçylygyň ilçisi hökmünde öňdäki hatara çykarylandygyny dünýä jemgyýetçiligine aýan etdi. Şonuň ýaly-da, Halkara agyr atletika federasiýasynyň prezidentiniň hormatly Prezidentimizi şu ýylda Aşgabatda agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny geçirmek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi bilen gutlamagy, Türkmenistanyň dünýä ýurtlarynyň we halkara guramalarynyň öňünde iri ýaryşlary ýokary derejede geçirmäge taýýarlykly ýurt hökmünde tanalýandygyny şöhlelendirdi.

Hormatly Prezidentimiz: «Häzirki taryhy döwürde beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýelemek üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Şoňa görä-de, Garaşsyzlygymyzyň beýik gazananlaryny goramak, jemgyýetiň sagdynlygyna zelel ýetirýän ýaramaz endiklerden daşda durmak, ata Watanymyzy dünýäniň ösen we kuwwatly döwletleriniň birine öwürmegiň hatyrasyna döredijilikli zähmet çekmek biziň ýaşlarymyzyň mukaddes borjudyr» diýip belleýär.

Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ösdürilmegine, sportuň goldanylmagyna we ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmegine gönükdirilen wezipeler milli kanunlarymyzda hem öz beýanyny tapýar. «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda sagdyn durmuş ýörelgesi — adamyň saglygyny pugtalandyrmaga, onuň işjeň ýagdaýda uzak ýaşamagyna we durmuş wezipelerini ýokary derejede ýerine ýetirmegine, ýaşaýşyň zähmet, jemgyýetçilik, maşgala-durmuş, dynç alyş görnüşlerine işjeň gatnaşmagyna, şeýle hem keselleriň sebäplerini düzetmegine gönükdirilen adamyň durmuşynyň keşbi diýlip kesgitlenýär. Onuň esaslaryny çagalyk döwründen sagdyn endiklerini we ukyplaryny terbiýelemek, howpsuz we amatly daşky gurşaw, temmäkiden, neşe serişdelerinden we alkogolly içgileri ulanmakdan ýüz döndermek, sagdyn iýmitlenmek, beden taýdan işjeň durmuş, şahsy we jemgyýetçilik gigiýenasy düzýändigi bellenilýär.

«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslary, maksatlary, wezipeleri, ýörelgeleri, esasy ugurlary, çäreleri we tärleri göz öňünde tutulýar. Onda ýaşlar barada döwlet syýasaty — Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň hukuklarynyň we erkinliginiň hem-de goldanylmagynyň amala aşyrylmagyna gönükdirilen durmuş, ykdysady, syýasy, guramaçylyk we hukuk çäreleriniň ulgamy diýlip beýan edilýär. Bedenterbiýe, sport we sagdyn durmuş ýörelgelerini döretmek babatda ýaşlaryň döwlet goldawyny öz içine alýan Kanunyň 31-nji maddasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, ýaş raýatlarda bedenterbiýä we sporta islegi ösdürmek, durmuşa geçirmek boýunça çäreleri işläp taýýarlamak; ýaşlaryň gatnaşmagynda sportuň köpçülikleýin görnüşleri boýunça sport ýaryşlaryny geçirmegiň tejribesini ösdürmek; çagalar, ýaşlar, maşgala dynç alşyny döretmek babatda innowasiýa tehnologiýalaryny we usulyýetlerini ornaşdyrmak maksady bilen sagaldyş-dynç alyş, bilim edaralarynyň, synag meýdançalarynyň işini goldamak; ýaşlar gurşawynda ekologiýa syýahatçylyk ulgamyny döretmek we ösdürmek; mümkinçilikleri çäkli ýaş raýatlaryň beden ösüşini, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklaryny höweslendirmek boýunça çäreler ulgamyny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek ýaly esasy ugurlar berkidilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň sagdyn ýaşaýyş, bedenterbiýe-sport babatyndaky nusgalyk göreldesi, ýiti zehininden dörän kitaplary halkymyzyň gündelik durmuşynyň ýolgörkezijisine, ýaşlarymyzyň ylmy-okuw gollanmasyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň taryhy wakalara we rowaýatlara baýlygy we täsirliligi bilen tapawutlanýan «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaby ýurdumyzda we halkara derejesinde giň meşhurlyga eýe boldy. Geçmiş bilen şu güni we geljegi baglanyşdyrýan bu eser jemgyýetde ruhy we beden sagdynlygy kemala getirmegiň, ýaş nesli terbiýelemegiň hem-de borja wepalylygyň egsilmez çeşmesi bolup hyzmat edýär. Türkmen halkynyň dünýäniň ykdysady, syýasy, ylmy we medeni ösüşine goşan deňsiz-taýsyz goşandyna göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Şoňa görä-de, Beýik Ýüpek ýolunyň hem-de onuň taryhy we döwrebap ähmiýetiniň bedenterbiýe-sport arkaly wagyz edilmegine hem möhüm ähmiýet berilýär.

Nesip bolsa, milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen şu ýyl badalga beriljek «Amul — Hazar 2018» atly halkara awtoralli, welosiped we ylgaw ýaryşlary Beýik Ýüpek ýolunyň galdyran mirasyny, halkymyzyň sagdyn durmuşyny dabaralandyrar. Alym Arkadagymyzyň: «Men özüniň beýik geljegini gurmakda jebisleşen mähriban il-halkymyza sport üstünliklerini arzuw edýärin. Ýaryşyp ýeňmek, alys menzil aşmak size miýesser etsin!» diýen arzuwlaryndan ruhlanan tutanýerli ýaşlarymyz bolsa, bu ýaryşlarda we geljekki sport bäsleşiklerinde türkmen sportuny täze üstünliklere rowaçlandyrar.

Meretguly TANGIÝEW,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky

Döwlet we hukuk institutynyň uly ylmy işgäri.

“Nesil” gazeti,

22.02.2018ý.

Meňzeş habarlar