Düýn Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Geldi Nowruz Galkynyşly Diýara» ady bilen baýramçylyk çäresi geçirildi. Gojaman Köpetdagyň gerşinde guralan bu çärä ady agzalan ýokary okuw mekdebiniň bagtyýar talyplary, Arkadag şäheriniň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlar gatnaşdylar.
Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan Nowruz baýramy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täzeçe mazmuna eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli gymmatlyklarymyzy dikeltmek, taryhymyzy öwrenmek, milli ruhly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek babatdaky aladalary netijesinde ýurdumyzda milli baýramlarymyzy ýokary derejede toýlamaga hem mümkinçilikler döredildi. Guralan baýramçylyk çäresinde hem milli däp-dessurlarymyz öz beýanyny tapdy. Dabaranyň dowamynda gerçek ýigitler ata atlanyp gezelenç etseler, gyz-gelinler türkmen milli oýunlaryny, tans we folklor çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Milli naz-nygmatlary taýýarlaýan ene-mamalarymyz bolsa, olaryň taýýarlanyş usullary barada täsirli gürrüňleri etdiler.
Ýokary guramaçylykly geçirilen dabara oňa gatnaşyjylaryň her birine toý joşgunyny berdi.
Umyda KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň bölüm müdiri.