Şu gün paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda yglan eden «Ýaşlygymyň bahary» atly döredijilik bäsleşiginiň jemini jemlemek we ýeňijileri sylaglamak dabarasy 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýunuň şanyna ýurdumyzda giňden bellenilýän dabaralar bilen utgaşdy.
Gün-günden özgerýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň belent ösüşlerinde ýaşlaryň mynasyp paýy bar. Zehinli ýaşlarymyz öz döredijiliginde berkarar Watanymyzy, eşretli zamanamyzy, bagtyýar halkymyzy, parahatçylygy, dost-doganlygy çeper sözde wasp edýärler.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Milli baýramçylyklarymyz mynasybetli ýurdumyzyň gazet-žurnallarynyň redaksiýalary Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalary, syýasy partiýalary bilen bilelikde ýaşlaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini geçirmegi ýola goýdy. Şol bäsleşikler täze-täze zehinli ýaşlaryň ýüze çykarylmagyna giň mümkinçilik döredýär» diýen sözlerinden ugur alyp, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, geçirilen bu bäsleşik ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmäge, olary milli ruhly, döwrebap eserleri döretmäge höweslendirmäge iterdi. Döredijilik bäsleşigi dürli temadaky goşgulary, publisistik makalalary, hekaýalary, şahyrana oýlanmalary ýazmak boýunça geçirilip, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan, welaýatlarymyzyň ýaşaýjylaryndan jemi 30 sany ýeňijisiniň bolmagy bäsleşigiň ýatda galyjylygyny artdyrdy.
Dabaranyň başynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ýaşasyn parahat durmuş» atly şygryna döredilen aýdymyň belentden ýaňlanmagy «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň özboluşly dabaralanmasy boldy.
Bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlaryň şygyrlarynyň sahnada okalmagy hem-de ilkinji gezek aýdym edilip aýdylmagy dörediji ýaşlary has-da ruhlandyrdy. Dabarada halypa žurnalistleriň, ýaşlaryň, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň eden çykyşlary oňa gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Döredijilik bäsleşiginde ýeňiji bolanlara we oňa işjeň gatnaşanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan diplomlar, hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar döredijilik bilen meşgullanmak we döwrebap bilim almak ugrunda döredip berýän mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.