ZEHINLI OGLAN-GYZLAR ZEHIN-BAŞARNYGYNY GÖRKEZDILER

Ýakynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde Çagalaryň arasynda yglan edilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi.

Bäsleşikde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap Geňeşi hem-de etrap bilim bölümi döredijilik bäsleşiginiň degişli düzgünnama esasynda ýokary guramaçylykly geçmegini üpjün etmegini gazandylar. Etrabyň mekdep okuwçylary bäsleşige üç ugur, boýunça ýagny: türkmen milli oýunlary ugry, aýdym-saz we tans sungaty ugry, surat çekmek we amaly haşam sungaty ugry boýunça gatnaşdylar.

Gyzykly geçen bäsleşikde türkmen milli oýunlary ugry boýunça etrabyň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebiniň okuwçysy Arslanmyrat Geldiýew, aýdym-saz we tans sungaty ugry boýunça etrabyň tebigy dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiniň okuwçysy Umyt Rzagulyýew, surat çekmek we amaly haşam sungaty boýunça etrabyň A.Atdanow adyndaky 1-nji orta mekdebiniň okuwçysy Keremmuhammet Bäşgulyýew ýeňiji boldylar.

Rejepnur ATAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar Guramasynyň Ahal welaýatynyň

Bäherden etrap Geňeşiniň  başlygy.

Meňzeş habarlar