Ýakynda “Türkmendemirýollary” agentliginiň hem-de “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň bilelikde guramagynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda “Durmuş diňe düýş däl” atly sahna oýny görkezildi.
Sahna oýnuna dürli ulgamda zähmet çekýän ýaşlar tomaşa etdiler. Sahna oýnunda ýaşlaryň durmuşynda gabat gelýän dürli pursatlar janlandyrylyp, onda watansöýüjilik, ynsanperwerlik, adalatlylyk ýaly türkmen halkyna mahsus häsiýetler öz beýanyny tapdy.
Sahna oýnunyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň halal zähmet çekmegi ugrunda döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Leýli TAGANOWA,
“Türkmendemirýollary” agentliginiň
Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň
sanly ulgam boýunça hünärmeni.