«KÖRPE GELIN» SPEKTAKLYNA TOMAŞA EDILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň guramagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Körpe gelin» atly gülküli sahna oýnuna tomaşa edildi. Sahna oýnuna tomaşa etmäge dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaş hünärmenler gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, «Körpe gelin» spektakly özbek dramaturgy Nurullo Abboshonyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan. Sahna oýny şowly we gyzykly geçip, dostlukly özbek halkynyň milli baý medeni mirasy dürli wakalar arkaly tomaşaçylara ýetirildi.

Spektaklyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň kämil bilim almagy, aň düşünjeli bolup ýetişmegi, medeni durmuşa gatnaşmagy üçin döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ybraýym HOJABERDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher

Geňeşiniň Umumy bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

16 Iýul 2025 | 0 okalan

SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

16 Iýul 2025 | 0 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI