TEGELEK STOLUŇ BAŞYNDA

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň guramagynda welaýat kitaphanasynda öňdebaryjy ýaşlaryň gatnaşmagynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny wagyz etmek maksady bilen «Parahatçylyk we ynanyşmak bagtly geljegiň mizemez binýady» atly “tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň saýasynda döwletimiziň halkara giňişligindäki abraýynyň artýandygy, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerimiz, şeýle hem, Türkmenistan döwletimiz Bitaraplyk ýörelgesine ygrarly bolup, halkara gatnaşyklarynyň parahatçylykly ýol bilen ösdürilmegine, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýandygy dogrusynda täsirli gürrüň etdiler.

Söhbetdeşlige gatnaşanlar Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara abraýyny barha belende galdyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Jennet GULMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Daşoguz şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

14 Iýul 2025 | 272 okalan

PARAHAT ÝURDUŇ BAGTLY PERZENTLERI

14 Iýul 2025 | 271 okalan

DILLERDE DESSAN WATANYM

14 Iýul 2025 | 272 okalan

KIM ÇALASYN, KIM ÇAKGAN