Bilimler we talyp ýaşlar güni ilkinji gezek ak mekdebiň bosagasyndan gadam basýan ýaş nesilleri synlanyňda çagalygyňa dolanan ýaly bolýarsyň. Mekdebiň ilkinji jaňynyň owazy, körpeje jigilerimiziň hoşamaý sesleri, gülküleri ýüregiňi heýjana getirýär. Çagalaryň şadyýan sesleri bagtyýar ýaşaýşyň, uçurylýan ak kepderiler bolsa parahatçylygyň, erkana durmuşyň aýdyň alamatydyr. Şeýle ajaýyp, bagtyýar zamanada Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda bagtly maşgalalaryň biridigime diýseň buýsanýaryn.
Meniň nowbahar gyzym, ilkinji perzendim Şaperi bilim alan ojagyma — ak ýola ataran ak mekdebimiň bosagasyndan birinji synpa gadam basdy. Men bu mekdebi mundan on bäş ýyl ozal tamamlapdym. Çagalykda «A» harpyny öwreden Täjigül, Saparbibi, Sarygül ýaly bilim, edep-terbiýe beren halypa mugallymlarymyzyň perzentlerimize hem sowat öwretjekdiklerine diýseň begendim. Perzendim bilen bilim alan mekdebime gadam basanymda ýüregimde şeýle bir ajaýyp duýgular oýandy. Kalbym uly hyjuwa, egsilmez arzuw-umytlara beslendi.
Mekdepde ornaşdyrylan interaktiw tagtalary, täze okuw partalardyr oturgyçlary, kitaplary synlanymyzda ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli bolmagy üçin bimöçber şertleriň döredilýändigine anyk göz ýetirýärsiň. Bu şertleriň ählisi olaryň geljekde has-da ýokary netijeler gazanyp, bu ugurda uly sepgitlere ýetjekdiginiň aýdyň hakykatydyr.
Dogrusy, biz okan mekdebimizi ilkibada tanamadyk. Öňki köneje mekdebimiz diýseň özgeripdir. Otaglardaky gyradeň goýlan partalar synpa has-da gözellik goşýar. Bileje okan synpdaşlarymyzyň çagalarynyň hem gyzym Şaperi bilen bir synpda okaýandyklary aýratyn begendirdi. Okuwymyzy gutaryp, halan hünärimize eýe bolmak üçin her haýsymyz öz durmuş ýolumyza ugrapdyk. Bu gün olar bilen duşuşmagymyz ýene şo-ol çagalygymyzy ýatlatdy. Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynyň güýzüniň ilkinji gününde duşuşan ene-atalaryň şatlygy püre-pürdi. Çagalygyňy ýatlanyňda, ony beýan edeniňde söz ejiz gelýär. Çagalygymyzyň bagtly çaglaryny biz bu gün perzentlerimizde görýäris. Biz diýseň bagtly ata-ene!
Birinji synpa gidýän gyzym 93 ýaşly atamyň — Hally gyjakçynyň 37-nji çowlugy. 21-nji agtyk gyzynyň, ajaýyp zamananyň geljekki ýaş nesillerine bilim almaga döredilýän mümkinçiliklerine buýsanýan mähriban käbäm Täzegülüň Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri egsilmeýär. Olar eşretli zamanada şeýle bagtyň şaýady bolýandyklaryna diýseň buýsanýarlar.
Biziň ýaş nesillerimiz üçin döwrebap bilim almaga ähli şertler döredilýär. Birinji synpa gelen okuwçylaryň ählisine hormatly Prezidentimiziň adyndan netbuklar sowgat berilýär. Bu bolsa olara eýýämden bu ugurda köp zatlary öwrenmäge, çalt özleşdirmäge ýol açýar.
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň 15-nji orta mekdebinde «Ilkinji jaň» dabarasy hormatly Prezidentimiziň Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli iberen Gutlag haty bilen açyldy. Bu dabarada ak sakgally ýaşulular, ak gyňaçly eneler okuwçylara bilim dünýäsinde üstünlik arzuw etdiler.
Biz bagtyýarlyk döwrüniň bagtly ene-atalary. Perzentlerimize zamanabap bilim almaga, öwrenmäge, kämilleşmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň belent başy aman bolsun!
Söýün HALLYÝEW,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Aşyr Kakabaýew geňeşliginiň ýaşaýjysy.
“Nesil” gazeti,
01.09.2018ý.