Akyldarlaryň biri: «Okamaga başlan güni ynsan paýhaslar ummanyna ýüzüşe girýändir. Ýöne onuň soňra bu ummanda haýsy gaýykda ýüzjegi özüne bagly» diýip gidipdir.
Şu ýazgylary kagyza geçirmezden ozal «beýnide bişirip» ýörkäm, «Gündogar pähimleri» diýen kitap elime düşdi. Gözüm kaklyşan ýerde şeýle setirler bardy:
Diňe ylym bilen diridir ynsan,
Külpet-muşakgaty ýeňer ol hökman.
Bu setirleri beýik danalaryň biri Abulkasym Ferdöwsi goýup gidipdir.
Ylmyň ähli syry kitaplara siňen, dogrumy?!
Ýene-de danalaryň birinden miras galan jümle ýada düşüp gidýär: «Gowy kitap okasaň, gowy dostuňa duşan ýaly duýgy kalba dolýandyr”. Juda jaýdar aýdylan gep.
Bizem şu gezekki söhbedi kitap, ýagny akyl eleginden süzülip, kagyza geçip, ylma öwrülen gymmatlyga bagyş etmekçi.
«Nesil gazetinde mundan 3-4 ýyl öň okamak medeniýeti hakda publisistik makalamyň çap edilenini ýatlaýan. Hawa, okamak endik däl-de, medeniýetdir. Okamak medeniýeti bolsa adamyň içki dünýäsiniň gözelliginiň, aň-paýhasynyň barha ýitelmeginiň, durmuş wakalaryna dürs hem akylly baha kesmeginiň, şahsyýet hökmündäki kämilliginiň... garaz, köp zadyň binýadydyr.
Okamagy ömrüne ýaran edinen ynsan ömürboýy şony aýrylmaz pişe edinýändir. Gepimiz gury bolmaz ýaly, birje wakany gürrüň beräýeýin.
...«Elimden tutup» žurnalistika dünýäsiniň çetinden girizen ilkinji halypam, Türkmenistanyň medeniýetde at gazanan işgäri, 103 ýaşynda bolsa-da, akyl-huşy juda jaýba-jaý Baba aga Garaýew bilen aram-aram jaňlaşyp durýan. Öňräjik telefon edemde, saglyk-amanlykdan soň, ýaşuly birje towakga aýtdy:
— Beki Seýtegiň eserler ýygyndysy «Tylla seniň yşkyňda» ady bilen gaýtadan çap edilipdir. Daşoguzyň kitap dükanlaryna barsam, «eýýäm gutaraýdy» diýdi satyjy gyzlar. Aşgabatdan tapyp birjesini ugratsana.
Men geň galmamy gizläp bilmedim:
— Ýaşuly, tüweleme, kitap okamaga entek göz kesýär-ow.
Aňyrdan çynlakaý ses eşidildi:
— Hemişe zähmet çekip ýören el, mydama okap ýören göz näçe ýaşasaňam, zaýalanýan däldir. Şumada çenli äýneksiz okaýardym, bir-iki aý bäri dakynan bolýan.
Men trubkany goýup «aperin!» diýdim.
Indi geliň, bu gezek okamak medeniýetiniň žurnalistika, çeper döredijilik, aýdylyşy ýaly, galam ujundan çörek iýýän adamlara dahylly peýdasy hakda söhbet edeliň!
Ilki bilen-ä okamak diýlende diňe kitaby waraklap geçäýmeli däldigini öňki danalardyr alymlaram aýdyp geçipdir. Bu kireňsiz hakykatyň üýtgewsizdigini döwürdeşlerimizem tekrarlaýarlar. Nätmeli? Eliňe galam alyp okamaly. Gowy goşgy bolsa bir gözüň düşende hakyda depderiňe öçmez bolup ýazylýandyr, dogrumy?! Oňa ýetesi zat ýok. Ýogsamam «beh» diýdirýänini ýandepderçäňe derhal («edebi bellik depderi» bolsa-ha has gowy) belläp almaly. Soňa goýsaň, sahypadan ätläp ötseň, «guşuňy uçurdyň» biläý. Proza ýa-da başga islendik çeper eseri okasaňam, şeýtmeli. Eger-de eliňe maglumatlar bilen ýazylan, ýol ýazgylary, jahankeşdelik ýazgylary, pamflet-esse, bestseller düşse-hä, galamyňy gulagyňa gysdyryp oka! Bilmeýän maglumatyň, öň eşitmedik del jümläň, nakyldyr tymsal, ýer-ýurt atlary... garaz, «gyzylyň gyryndysyna» duşsaň, derrew belläp al!
Žurnaliste, ýazyja, publisiste hökmany endikleriň birem gündelik ýa-da ýataňda-da başujuňda goýulýan ýandepderçe gerekligi. Şu ýerde birje zady agzamagy zerur hasaplaýan. Biziň käbirimiz, ylaýta-da, ösen döwrüň tehnologiýalaryndan has gowy baş çykarýan galamdaş ýaş kärdeşlerimiziň käbiri iş sapary bolsun, duşuşyk ýa-da çäre bolsun, aňsadyna bakyp, diktofon-kindiwanja ses ýazyjyny işledip, soňam şondan diňläpjik, kagyza geçirenini kem görenok. Soňam öçürip goýberýär. Gowudyr, ýeňildir, söz ýok. Ýöne islendik waka, islendik fakt-delil, tutaryk, görlen täsir kagyza, ýagny ýandepderçä syýa bilen ýazylyp goýulsa ýagşy. Ol ýene 10, 20, 30 ýyldan açsaň hem, aýna ýaly ýalpyldar durar. Wagt geçmegi bilen başgaça garaýyş, täzeçe duýgy, kämillik gözýetimi bilen has giň, has çeper ýazmaga binýat bolup biljegine-de şübhe ýok.
Gel, ýekeje mysala ýüzleneliň!
Uly halypa, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Hudaýberdi Diwangulyýew hemişe öz durmuş tejribesinde, döredijilik ussahanasynda kämil bolan birje hakykaty gulagyňa guýýar: «Ýekeje sahypa zat ýazjak bolsaň, şoň bilen bagly sekiz sahypa zady okagyn!».
Ýazýan adam üçin ýene bir hökmany endik, kagyza (indi-hä kompýutere) ýazan zadyňy anyk senesi bilen özüň üçin arhiw edinmekdir. Ol kämilleşmek «ädimiňi» ölçäp, gepi gelşirip aýdanda, «özüňi taraşlap durmak» üçin iňňän peýdalydyr.
Muňa anyk mysaly uzakdan gözläbem oturmaly däl. Döwrümiziň belli ýazyjysy Atajan Taganyň «Kyrk ýylda ýazylan kitap» atly esse-ýatlamasyny okap göräýmeli. Adyndan belli bolşy ýaly, gyzyl çöplän misli her gün irinmän, gören, bilen, täsir alan wakalaryny gyzgyny bilen gündelik şekilli ýazan zatlary «dama-dama köl bolar» diýlenine dönüp, küti kitap derejesine baryberipdir. Uly ussat häzirem şol endigine eýerip ýazyp ýör.
Danalaryň birinden şeýle tymsal galypdyr: «Sen näme okanyňy aýt, men seniň kimdigiňi aýdyp bereýin».
Biz bolsa gepimizi galam ujundan çörek iýýänlere birje sowal bilen jemlemekçi. Ol şeýle: «Sen näme ýazanyňy görkez, men seniň näme okanyňy, nämeler bilýäniňi aýdaýyn».
Gurbannazar ORAZGULYÝEW, ýazyjy.
“Nesil” gazeti,
04.09.2018ý.