Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň etrabyň 1-nji orta mekdebi bilen bilelikde guramagynda şol mekdebiň mugallymlarynyň we okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Milli suratkeşlik mekdebiniň ösüş ýoly» atly çäre geçirildi.
Çäräniň dowamynda ýurdumyzyň taryhyny, merdana halkymyzyň baý medeni-mirasyny, milli gymmatlyklarymyzy şöhlelendirýän suratkeşlik eserleriniň şekillendiriş sungatynda möhüm orun eýeleýändigi dogrusynda gürrüň edilip, milli suratkeşlik mekdebiniň düýbüni tutan halypalar, şeýle hem suratkeşlik sungatynda aýratyn yz galdyran ussat suratkeşler ýatlanyldy.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar berkarar döwletimizde ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi, döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Sähra UMMALYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Sakarçäge etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.