SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň guramagynda Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň tomusky dynç alyş günlerini şadyýan geçirmegini gazanmak maksady bilen «Kim çalasyn» atly sportuň dürli görnüşi boýunça sport bäsleşigi geçirildi.

Çekeleşikli geçen sport ýaryşynyň dowamynda çagalar öz çalasynlyklaryny, erjelliklerini, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bu sport çäresine gatnaşan we ýeňiji bolan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Baýmyrat DÖWLETGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Köpetdag etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar