Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşi «Biz şadyýan nesiller» atly şygar astynda Daşoguz welaýatynyň «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş dynç alyş merkezinde aýdym-sazly çäre geçirdi. Aýdym-sazly çärede etrabyň medeniýet öýüniň estrada aýdymçysy Amangeldi Gurbanow, 57-nji orta mekdebiniň aýdym-saz mugallymy Allanur Orazow dagylar Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, bagtyýar çagalygy, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten belent sepgitlerini wasp edýän şirin owazly aýdymlary bilen çykyş etdiler. Çagalaryň joşgunly tanslary dabaranyň şowhunyny has hem artdyrdy. Çäräniň ahyrynda Berkarar döwletimizde halkymyzyň bolelin, asuda durmuşda ýaşamagy üçin bagtyýar döwri peşgeş beren Türkmen halkynyň Milli Lider Gahryman Arkadagymyzyň, hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, halk bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaç almagyny arzuw etdiler.
Laçyn AŞYROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
aşlar guramasynyň Daşoguz welaýatnyň
Boldumsaz etrap Geňeşiniň Sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.