Mähriban halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden beýik sungaty, gaýtalanmajak medeni mirasy bütin dünýäde giňden tanalýar. Ýurdumyzda milli gymmatlyklaryň, el işleriniň aýawly saklanylmagy we geljekki nesillere asyl nusgasynda ýetirilmegi ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär.
Türkmen halkynyň nepis el işleriniň hatarynda iň gadymylarynyň biri hem ene-mamalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň kemala getiren we kämillige ýetiren keşdeçilik sungatydyr. Gyz-gelinlerimiziň çeper ellerinden dörän, nepisligi, özüneçekijiligi bilen tapawutlanýan el işleri täsin sungat eserini ýatladýar. Onuň her bir nagşynda ýurdumyzyň ajaýyp tebigaty wasp edilýär. Keşde çekmek milli lybaslara gaýtalanmajak gözellik çaýýar. Türkmeniň «Keşdeçilik sungatynyň» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi bu sungatyň gözelligine, gymmatyna bütin dünýäde uly ähmiýet berilýändigini görkezýär.
Türkmen zenanlarynyň eziz Watanymyza, gözel tebigatymyza bolan söýgüsinden, çuňňur watansöýüjilik duýgusyndan döreýän keşdeler öz gymmatyny ýitirmän, nesilden-nesle geçip gelýär. Häzirki döwürde türkmen gelin-gyzlary reňkli ýüpekleri ulanyp, nagyşlary dürli usulda ussatlyk bilen ýerine ýetirýärler. Nagyşlaryň görnüşlerini täze nusgalar bilen baýlaşdyrýarlar. Olary Günüň şöhlesine öwüşgin atýan ajaýyp monjuklar, gaşlar, teňňeler bilen bezeýärler. Şonuň üçin hem gözelligiň nyşany bolan bu nepis sungatyň ähmiýeti, milli lybaslarymyzyň meşhurlygy hiç ýitmeýär.
Gözel SAPARMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.