BMG-NIŇ DEŇZE ÇYKALGASY BOLMADYK ÖSÜP BARÝAN DÖWLETLER BOÝUNÇA ÜÇÜNJI MASLAHATYNYŇ ÇÄGINDE ÝAŞLAR FORUMY GEÇIRILDI

2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäklerinde Ýaşlar forumy öz işine başlady. Forumyň geçirilýän ýeri hökmünde saýlanylan «Awaza» Sport toplumynyň Sportuň başa-baş sungatlary binasy ýaşlaryň döredijilikli pikir alyşmagy hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mynasyp giňişlik boldy.

Bu halkara forum dünýäniň 32 döwletinden gelen ýaşlary bir ýere jemläp, olaryň arasynda tejribe alyşmagy hem-de Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek ugrunda täze başlangyçlary öňe sürmegi maksat edinýär.

Forumyň açylyş dabarasy ýokary derejeli çykyşlara baý boldy. Çäräniň esasy pursatlarynyň biri hökmünde ýaşlaryň bilelikde taýýarlan “Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň geljegi üçin köpri gurmak” atly Jarnamasynyň kabul edilmegini bellemek bolar. Bu resminama ýaşlaryň parahatçylyk, durnukly ösüş we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gelejek baradaky garaýyşlaryny jemleýär.

Forumda “Landlinked” maksatnamasynyň ýeňijileri sylaglanyp, olaryň üstünliklerini görkezýän ýörite sergi gurnaldy. Mundan başga-da, ýaş telekeçiler Durnukly Ösüş Maksatlaryna laýyk innowasion pikirlerini we çözgütlerini hödürlediler.

Bu forum BMG-niň düzümleri, raýat jemgyýeti we hususy pudak bilen ýaşlaryň netijeli hyzmatdaşlygyny ýola goýmak, Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini giňeltmek we durnukly ösüş üçin täze çözgütleri paýlaşmak yaly möhüm ugurlary öňe sürýär.

Forumyň gecirilmegi bilen, halkara hyzmatdaşlygyň berkitdilýändigini, köptaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilýändigini hem-de deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ösüş maksatlarynyň ileri tutulýandygyny nobatdaky gezek açyk görkezdi.

Muhammetmyrat BÄŞGULYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar Guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji.

Meňzeş habarlar