NEBIT-GAZA BAÝ WATANYM

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyz ýerasty baýlyklara örän baýdyr. Şeýle baýlyklary diňe bir öz halkymyzyň däl, eýsem, bütin adamzadyň abadan durmuşynyň, ýagty geljeginiň bähbitlerine gönükdirmek boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Nebitgaz pudagynyň işini kämilleşdirmäge, önümçilik kuwwadyny ýokarlandyrmaga, ýangyç-energetika toplumyny köpugurly esasda ösdürmäge gönükdirilen tagallalar, nebit we gazhimiýa önümleriniň önümçilik möçberini hem-de görnüşlerini artdyrmak ugrunda alnyp barylýan işler bu ugurda aýratyn bellenip geçilmäge mynasypdyr.

Häzirki wagtda türkmen energiýa serişdeleriniň daşary ýurtlara iberilmegini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge hem-de olary dünýä bazarlaryna eltmegiň köpugurly ýollarynyň taslamalaryny durmuşa geçirmäge uly tagallalar edilýär. Nebitgaz toplumynda amala aşyrylýan iri taslamalaryň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy bu gün bütin dünýäde hem uly gyzyklanma eýedir.

Häzirki wagtda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde bu ugurda mynasyp işler alnyp barylýar. Bu ýokary okuw mekdepde nebit-gaz ugry bilen birlikde, gazylyp alynýan peýdaly magdan känlerini özleşdirmek boýunça ýokary derejeli hünärmenler hem taýýarlanýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nebitgaz toplumyny batly depginlerde döwrebaplaşdyrylmagy, pudagyň önümçilik kuwwatlyklarynyň has-da artdyrylmagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwlet ähmiýetli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Täjinar ALLANUROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Ahal welaýat Geňeşiniň Umumy bölüminiň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

10 Sentýabr 2025 | 40 okalan

DOST-DOGANLYK MESGENINDE (hekaýa)

10 Sentýabr 2025 | 40 okalan

NEBIT-GAZA BAÝ WATANYM