Oglum bilip goýgun, diri kişiler dostsuz oňup bilýän däldir, çünki dostsuz bolandan dogansyz bolan ýagşydyr.
***
Bir danadan: “Dost gowumy, dogan?” diýip sorapdyrlar. Olam: “Dost bolan dogan ýagşydyr” diýip jogap beripdir.
***
Dostlaryň barada alada edeniňde, olara sowgat-peşgeş göndergin, olar bilen mylakatly bolgun, çünki dosty barada alada etmeýän adam hakynda dosty hem alada edýän däldir, şeýlelikde ol hemişe dostsuz galýandyr.
***
Isgenderden: “Az wagtyň içinde beýle uly baýlyga nädip ýetdiň diýip sorapdyrlar. Olam: “Duşmanlarymy hoş söz bilen dep edip, dostlarymy alada bilen gurşap ýetdim” diýip jogap beripdir.
***
Dosty köp bolanyň aýyplary örtülip, laýykatlarynyň üsti açylýar.
***
Köneler aýtmyşlaýyn: “Gowy dost uly hazynadyr”. Şonuň üçin saňa dostlukly garaýan adamlaryň, dostlaryň gadryny bilgin, olara ýagşylyk etgin, sarpalaryny saklagyn, her bir haýyr-şerde olara kömek etgin, seniň mürewwetiňi gördükleri olar saňa öňküdenem mährem bolarlar.
***
Dostuň gowusy-da bolýandyr, hordasy-da, olaryň ikisi bilen-de dost bolgun, ýöne gowusy bilen tüýs ýürekden dost bolup, ýamany bilen kiçi dilden bärde dost bolgun, şeýlelikde, olaryň ikisi hem saňa dostlukly garar.
***
Ýazgarylasyň gelmese, dostlaryň we beýleki adamlaryň haklaryny äsgermezçilik etmegin. Öňkiler aýtmyşlaýyn, iki jür adam ýazgarylmaga laýykdyr, olaryň bir-ä dostlarynyň hakyny depgileýänler, beýlekisi hem ýagşylygyň gadyryny bilmeýänlerdir.
***
Dostuňy şatlykly hem hasratly günde ýatlagyn. Hoş günüňde altyn-kümüş, hormat bilen, kyn gününde kömege ýetişmek bilen ýatlagyn.
***
Seniň duşmanyňy duşman hasap etmeýäni dost bilmegin, beýle adam dost saýylman, tanyş saýylýandyr.