Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň www.yashlar.gov.tm internet web-saýtynda Milli bahar baýramy mynasybetli “Mirasym bar – sarpam bar” ady bilen geçirilen döredijilik bäsleşiginde saýlanan eserleriň biri:
WATANYMA
Her säher ýürekden watanymy söýüp,
Watan üçin bu gün näme başaryn?
Diýen sorag bilen güne başlaýan,
Okap, ýazyp, pozup ömrüm bagşlaryn.
***
Arzuwym watanma wepaly bolup,
Islendik künjekde men sak durmaly.
Gerek bolsa watanmyza janyňy,
Pikirlenmän gözüň gyrpman bermeli.
***
Diňe jan bermeklik bilen soňlanmaz,
Ata - babalara meňzäp gitmeli.
Miras goýup, ol mirasdan neslimiz,
Göreldeli bolup, arşa ýetmeli.
***
Bu topragyň her bir daban ýerinde,
Ata - babalaryň zähmeti bardyr.
Yhlas bilen döken maňlaý deriňde,
Bereket, geljege umydyň bardyr.
***
Aslynda köp okap, öwrenmeli köp,
Köp öwrenip ençe zatlar açmaly.
Watan üçin, geljek üçin, şan üçin,
Türkmen ogly mydam arşa uçmaly.
***
Türkmen adyn hasda beýgeltmek üçin,
Köp okap, köp ýazyp, açyş ederis.
Watana, geljege gerekli bolsa,
Janymyz bagş edip, gülüp gideris.
Döwletgeldi Ilgediýew,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutyň 4-nji ýyl talyby.