«Milli oýnum – buýsanjym» atly döredijilik bäsleşigine
Türkmen halky şahandaz halk bolan soň, belleýän toý-baýramlary örän şowhunly, şagalaňly geçirmegi başarýar. Toýlarymyzyň şowhunyny artdyrýan zatlaryň biri-de türkmen milli oýunlarydyr. Özem, milli oýunlarymyzy sanasaň sogaby köp diýleni. Olardan at çapyşygy, altyn gabak, ýaglyga towusmak, göreş ýaly oýunlary, esasan, ýaşlar oýnaýan bolsa, ýaşulylar aglaba ýüzük oýnuny oýnaýarlar. Bu oýna ,,keçe-keçe’’ hem diýilýär.
Türkmen milli oýunlarynyň özboluşly aýratynlyklary bolup, olaryň biri adamy beden taýdan taplaýan bolsa, beýlekisi ruhy-aň sagdynlygyňy berkidip, millilik duýgyňy artdyrýar. Ýöne ýüzük oýnuny, esasan, ýaşulularyň oýnaýanlygy sebäpli, onuň häsiýetli aýratynlygy beýleki oýunlardan düýpgöter tapawutlanýar. Bu oýun adamyň ýüreginiň giňligini, sabyrlylygyny, ünsli we üşükli bolmagyny, ugurtapyjylygyny hem-de töwekgelligini synagdan geçirýär. Şonuň üçin bu oýny, köplenç, akyl-paýhasy goýlaşan, durmuş tejribesi ýetik ýaşulular oýnaýar.
Ýüzük – oýny türkmenleriň gadymy milli oýnudyr. Bu oýun toý-baýramlarda oýnalýar. Ýüzük oýnuny oýnamak üçin ýüzük, kiçiräk çakgy, müşdük ýa-da eliň aýasyna sygaýjak başga-da zat gerek bolýar. Oýna gatnaşýan adamlar 10-15 adamdan deň ikä bölünip, halka gurap garşylyklaýyn oturýarlar. Her toparyň oýundan oňat başy çykýan tejribeli ýolbaşçysy bolýar. Bije çekilişilenden soň, bijesi çykan toparyň ýolbaşçysy ýüzügi alyp, elinde görünmez ýaly gizleýär. Soňra ýüzükli elini hataryň ugry boýunça öz oýunçylarynyň hemmesiniň goltugyna sokup, ýüzügi haýsy hem bolsa birinde goýýar ýa-da özünde saklaýar. Şondan soň ýüzügi gizländigini aýdyp, onuň özi hem bir çetde oturýar. Bijesi galan toparyň ýolbaşçysy, ýüzügi tapmaga ukuby bolan oýunçylaryň birnäçesi bilen garşydaşlarynyň ýanyna baryp, ýekän-ýekän olaryň boýun damarlarynyň urşuny synlaýarlar ýa-da ýüreginiň üstünde elini goýup, ýürek urşuny barlaýarlar. Şeýle usullar bilen ýüzügiň kimdedigini bilmäge çalyşýarlar. Ýüzügiň bolaýmagy ähtimal oýunçylardan başgasy egnine kakylyp ýa-da toparlaýyn ady tutulyp puç etdirilýär. Eger puçlananlaryň arasynda ýüzükli oýunçy bolaýsa, onda ol derrew: ,,ynha ýüzük” diýip, çykaryp görkezýär. Şonda toparyň oýunçylary bir san gazanýarlar hem-de olaryň ozalky döwçüligi saklanýar. Bu toparyň oýunçylary ýüzügi ýene-de özlerinde gizleýärler. Eger-de, garşydaş topar ýüzügi tapaýsa, onda şol topar döwçülik hukugyny gazanýarlar. Bellenen sany ( mysal üçin, 10 utuk ) haýsy topar öňürti toplansa, şol hem utýar.
Ata-baba dowam edip gelýän, milli oýunlarymyzy düýpli öwrenip, ony mynasyp dowam etdirmäge, geljekki nesillere kämil görnüşde ýetirmäge hem-de dünýä ýaýmaga mümkinçilik döredýän Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumlary hemişe rowaç alsyn!
Hemra TÄÇGYLYJOW,
Balkan welaýatynyň Bereket etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň taryh mugallymy.