«Milli oýnum – buýsanjym» atly döredijilik bäsleşigine
Türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülen, bahasyna ýetip bolmajak, asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan milli gymmatlyklarymyz häli-häzire çenli öz gadyr-gudratyny ýitirmän, nesilden-nesle geçip, barha kämilleşýär, döwrebaplaşýar. Milliliklerimiziň belent nusgasyna öwrülip, düýnüň-de, şu günüň-de ýaş nesilleriniň, çagajyklaryň sagdyn kemala gelmeginde, aň-düşünjeli, kämil ynsan bolup ýetişmekliginde öz mynasyp täsirini ýetirýän türkmen milli oýunlarymyz ençeme wagt öň döredilen hem bolsa, häzirki wagtda oglanjyklardyr gyzjagazlar tarapyndan söýlüp oýnalýandygyny bellemek gerek. Çünki çagalygyň iň gyzykly we hakydadan çykmajak ajaýyp pursatlaryny özünde jemleýän, uly ýaşly adamlaryň ýanynda hem bu babatda söhbet açylsa, şirin ýatlamalaryny ýada salýan çagalygyna dolanyp buýsanç bilen gürrüňi edilýän "Bäşdaş", "Aýterek-günterek", "Tanap çekdi", "Aşyk", "Agsak towuk", "Düzzüm" , "Ak süýek", "Guşak goýdy" , "Ýalyga towusdy" ýaly birnäçe oýunlaryň çagalary terbiýelemekde ähmiýeti örän uludygy ählimize mälimdir.
Aýdaly, "Bäşdaş" oýny gyzjagazlaryň söýüp oýnaýan oýny bolup çäklenmän, işe ezberligi, barmaklaryň çalasynlylygyny, hereketjeňligini artdyrýan bolsa, "Tanap çekdi" oýny oglanlaryň erjelliligini, merdemliligini, gujur-gaýratlylygyny gazanýar. "Bukyldym", "Urup gaçdy" ýaly oýunlar bolsa hüşgärlige, eserdeňlige, şeýle-de pikirlenmek ukybynyň ýokarlanmagyna, çalasynlylyga çagyrýar. Garaz, sanasaň sanaýmaly. Sebäp bu oýunlary diňe bir oýnamak ýeterlik bolman, ondan öwrenmek hem bolar. Elbetde, bu oýunlaryň kömegi bilen çagalar geljekde öz durmuş ýoluny dogry saýlamagy öwrenip, başarnykly, maksada okgunly, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän sporty söýüji beýik şahsyýet bolup ýetişjekdiklerine ynanýarys. Çünki bu oýunlar bilen gümra bolup ýören çagajyklara gözüň düşende buýsanç bilen biygtyýar ýylgyranyňy hem duýman galýaň. Bu gün şol milli oýunlarymyz türkmen toýlarynyň hem bezegi bolup gelýär. Şanly dabaralarda, baýramçylyklarda "Ýalyga towusdy", "Milli göreş ", ýaly türkmen milli oýunlaryna tomaşa etmek höwesi has-da artýar.
Ak süýek oýny. Bu oglanlaryň gije ownuk malyň injik süňküni zyňyp oýnaýan oýny bolup, munda sanawaçdyr bijeler arkaly iki topara bölünýärler. Her topar bäş-alty oglandan ybarat bolýar. Oýny düzüjiler tarapyndan ak süýek zyňylyp goýberilýär. Zyňylan ak süýegi her toparyň oýunçylaryndan kimde-kim pellehana ilkinji bolup tapyp getirse, şol topar hem ýeňiji hasap edilýär. Tapyp getirilen süýege bolsa "ak bellikli süýek" diýilýär. Oýun şeýle terzde dowam edilýär. Bu oýun oglanlaryň ünslüligini, çeýeligini artdyrmak bilen olaryň aňyýetine hem öz täsirini ýetirýär. Ýagny, ýeňişe ýetmek üçin ugurtapyjy we başarnykly bolmalydygyny ündeýär. Şeýle häsiýetli oýunlaryň ýene biri hem "Düzzüm" oýnudyr. Diwarlary birikdirilen üç sany dörtburçlukdan, on alty daşdan ybarat bolan bu oýunda çyzylan dörtburçluklaryň her bir burçy san bilen bellenilýär. Oýun iki topara bölünip, ýa-da iki adam bolup oýnalýar. Her toparyň dört daşy tagtada (oýun meýdançasynda) goýmak bilen "düzzüm" oýny başlanýar. Oýunyň esasy düzgünleriniň biri hem daşlaryň üçüsini gönülikde bir hatara düzmek bilen garşydaşyň bir daşyny almakdyr, ýagny meýdançadan aýyrmakdyr. Boş galan hatarlara göçmek bilen oýun dowam edilýär. Emma diňe daş almak ýa-da olary bir hatara gönülikde düzmek bilen oýun tamamlanmaýar, ýeňiş gazanylmaýar. Eýsem garşydaşyň tarapyndan daşlaryň öňüniň gabalmagy, şeýlelikde göçmäge hiç hili ugur galmazlygy bilen ýeňlişe sezewar bolmak hem ahmal. Şol sebäpli hem oýun ünslüligi, ugurtapyjylygy, ukyplylygy we eserdeňligi talap edýär. Daşlaryň öňüniň gabalmagy bilen göçmäge ugur galmadyk ýagdaýynda oýun tamamlanýar.
Saglyk durmuş maksatnamasynyň dabaralanýan günlerinde hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän aýdyň we adyl syýasatynyň netijesinde köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler döredildi. Ýaşlaryň sagdyn, sporty söýüji,kämil ynsanlar bolup ýetişmekleri üçin birnäçe işler alnyp barylýar. Muňa gurlup ulanylmaga berlen sport toplumlaryny, sport meýdançalaryny, mekdeplerini, sport desgalaryny mysal getirmek bolar. Şeýle amatlyklary döredip berýän, ýurt baştutanymyz Halkynyň Hak Howandary, ýaşlaryň Arkadagy hormatly Prezidentimize alkyşly sözler hemişe ýüregimizde ýaňlanyp dur.
Gözel Umarowa,
TMÝG-nyň Lebap welaýat Darganata etrap geňeşiniň işjeň agzasy.